Garabag söweşi, yslam ynkylabyň ýokary ýolbaşçysynyň nukdaýnazaryndan

Garabag söweşi, yslam ynkylabyň ýokary ýolbaşçysynyň nukdaýnazaryndan

Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda Nagorno-Garabag sebiti boýunça dowam edýän konflikt sebit derejesinde aladalary döretdi.

Eýran Yslam Rewolýusiýasynyň ýokary ýolbaşçysy Aýatolla Hameneýi; Sişenbe güni Yslam pygamberiniň (saw) we Ymam Sadegiň (AS) dünýä inmegi bilen baglanyşykly telewideniýede eden çykyşynyň bir böleginde Ermenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky söweş sebit howpsuzlygy üçin ajy we howply waka hasaplady we bu harby konfliktiň gysga wagtda gutarmalydygyny aýtdy; Elbetde, Ermenistan tarapyndan basylyp alnan Azerbaýjan Respublikasynyň ähli ýerleri azat edilip, Azerbaýjana gaýtarylmalydyr diyip nygtadylar.Yslam Ynkylabyň ýokary lideri, bu sebitlerde ermenileriň howpsuzlygyny we iki tarapyň hem halkara serhetlerini berjaý etmegiň zerurdygyny aýtdy we ygtybarly habarlara görä sebite giren terrorçylaryň asla Eýran serhedine ýakynlaşmaly däldigini ,eger hem ýakynlaşsalar hökmän Eýranyň gaýtawulyny görerler diýdi.

Yslam Rewolýusiýanyň ýokary ýolbaşçysynyň Nagorno-Garabak konflikti baradaky sözleri; çözgüdi tapylmasa hasam dartgynlyga sebäp bolup biljek köne ýara öwrülen konfliktde aç-açan we paýhasly pozisiýasyny beýan etmekdir. Şu nukdaýnazardan seredilmeli möhüm meseleler bar: birinjiden, uruş odunyň tutaşmagy bilen sebitiň howpsuzlygyna howp saljagydyr; Ikinjisi; Sebitleýin bitewiligi saklamak we taraplaryň hukuklaryna hormat goýmak arkaly bu konflikti halkara gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän ýörelgeleriň çäginde çözmelidir,. Şol esasda, Eýran Yslam Respublikasy bu çaknyşygy çözmekde tagallalaryny irden başalandyr .

Bu tagalladan soň, Nagorno-Garabag konfliktini çözmek boýunça Eýranyň ýörite wekili "Seýid Abbas Aragçi" geçen hepde Bakuw-e we Ýerewana eden saparyndan soňra,Russiýa bilen Türkiýä hem sapar edip, bu ýurtlaryň resmileri bilen geçirien duşuşyklarynda, Eýranyň Nagorno-Garabagda parahatçylyk ugrundaky çözgüt meýilnamasyny hödürledi.

Ol ,Eýran, Azerbaýjan respublikasynyň territoriýalaryny basyp almagy bes etmek meselesini Eýranyň hödürlän meýilnamasynda möhüm element diýip atlandyrdy we Azlyklaryň hukuklaryny we ynsanperwerlik hukuklaryny goramak ,Eýranyň Nagorno-Garabag konfliktini bes etmek teklibiniň ýene bir esasydyr diýdi.

Sebitleýin çemeleşme we sebitdäki täsirli ýurtlaryň gatnaşmagy Eýranyň meýilnamasynyň beýleki aýratynlyklarydyr.Nagorno-Garabag krizisi 1988-nji ýylyň fewral aýynda weýrançylykly urşa öwrüldi we 1994-nji ýylyň martyna çenli dowam etdi.

Nagorno-Garabag konfliktiniň başyndan bäri Ýewropadan, ABŞ-a çenli köp sanly taraplar krizise girdi we meýilnamalary hödürlediler, ýöne bu meýilnamalar esasynda Minsk iş toparynyň döredilmegi hem netije bermedi.Tejribe, günbatarlylaryň sebitde maksatlarynyň bardygyny we dürli sebäpler bilen sebit ýurtlarynyň arasyndaky krizislere girmeklerinden maksat öz bähbitleriniň goralmagyny görýär.

günbatarlylaryň sebitde maksatlarynyň bardygy, Azerbaýjan Respublikasy bilen Ermenistan arasyndaky konfliktde hem bu mesleden parhly däldir we onuň dowam etdirilmegi ,Konfliktiň iki tarapynyň hemde sebitdäki ýurtlaryň milli bähbitlerine hökman zyýanlydyr. Şu nukdaýnazardan Yslam Ynkylab ýolbaşçysynyň Nagorno-Garabag söweşiniň netijeleri we täsiri barada aýdan sözleri möhümdir.

Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafow bu möhüm we adalatly sözler üçin Azerbaýjan Respublikasynyň döwleti we halky tarapyndan minnetdarlyk bildirdi we iki goňşy ýurduň dostlugyny we doganlygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Eýran Zengezur Geçelgesini Milli Howpsuzlyga Abanýan Wehim Diýip Hasaplaýar
Hazaryň hukuk durumy 'ylalaşyldy', emma detallar açylmaýar
Hazar 'ylalaşygy' türkmen gazynyň Ýewropa aşmagyna ýol açýarmy?
Astanada Hazar konwensiýasyna gol çekiljegine 'ynanmak kyn'
Azerbaýjan Respublikasy Yslam Rewolýusiýasynyň ýolbaşçysynyň Nagorno-Garabag baradaky aýdanlaryna gadyrdanlyk bildirdi
Hazar "bäşliginiň" daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda duşuşdylar