Eger çakdanaşa köp iýilmese, gara şokolad horlanmakda peýdalydyr. Bu barada Russiýanyň Biotehnologiýa uniwersitetiniň mugallymy Inga Belýaýewa gürrüň berdi diýip, RT neşirine salgylanýan MIR 24 ýazýar.
Munuň sebäbi gara şokoladyň düzüminde tebigy kakao köp we şeker az diýip, hünärmen aýtdy. Onuň sözlerine görä, gara şokolad stresiň derejesini peseltmäge kömek edýär we gereginden artyk iýmegiň öňüni alýar.
Munuň sebäbi süýjüligiň düzümindäki kakao ýagydyr, ol bedende maddalaryň çalşygyny çaltlandyrýar we ýagy ýakýar.
Gara şokoladyň azajyk bölegi-de doýrup bilýär. Onuň düzümindäki kletçatka uzak wagtlap özüňi dok duýmaga kömek edýär diýip, Belýaýewa gürrüň berdi.
Horlanmak üçin bu önümi günde 25 gramdan köp iýmeli däl diýip, berhiz lukmany sözüniň üstüni ýetirdi.