Gara Deňizden Çykaryljak Gaz 2023-nji Ýylda Ulanmaga Beriler

Gara Deňizden Çykaryljak Gaz 2023-nji Ýylda Ulanmaga Beriler

Prezident R.T.Erdogan Gara deňizden çykaryljak tebigy gaz hakynda; “2023-nji ýylyň birinji çärýeginde ilkinji bölekde öndüriljek gündelik 10 million m3 tebigy gazy milli gaz göteriş ulgamymyza birikdireris” diýdi.

Prezident Erdogan Stambulyň Filýos etrabynda “Gara deňiz gazynyň turba göteriji ulgamynyň gurluşygyna badalga beriş dabarasyna” gatnaşdy.

Erdogan dabarada sözlän sözünde Türkiýäniň häzirki wagta çenli iň uly tebigy gaz açyşynda möhüm sepgide ýetilendigi nygtap, 2 ýyl ozal açyşy buşlanlarynda ýerli gazyň 2023-nji ýylda milletiň ulanmagyna hödürlenjekdigini aýdandygyny ýatlatdy.

Prezident Erdogan; “2023-nji ýylyň birinji çärýeginde birinji bölekde öndüriljek günlük 10 million m3 tebigy gazy milli tebigy gaz göteriş ulgamymyza birikdireris. Sakarýa gaz giňişliginde doly önümçilige enşalla 2026-njy ýylda geçiler. Zolakda açyljak 40 guýy bilen günlük önümçilik mümkinçiligimizi 40 million m3-a ýetirmegi nazarda tutýarys” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Sakarýa Ýeňişiniň 103 Ýyllygy Bilen Gutlady
Baýraktar, Gara deňizdäki tebigy gaz önümçiliginiň 6 million kub metrden geçendigini aýtdy
“Türkiýäniň Ýokary Hili Nebitini Gabarda Öndürmäge Başladyk”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Sakarýa Tarakly Ugut süýjüligi
Türkiýede ýol-ulag hadysasynda10 adam pida boldy, 60 adam şikes aldy