Gara deňizde täze buraw işleri başlady

Gara deňizde täze buraw işleri başlady

Türkiye Gara deňizde seýsmiki gözlegleri we uglewodorod gözleg işlerini dowam etdirýärkä, ýene bir möhüm ädim etdi. Sakarýa tebigy gaz ýatagynda Gökdepe-2 guýusy üçin Fatih buraw gämisi tarapyndan buraw işleri başladyldy. Rumyniýa-Türkiye aýratyn ykdysady zolaga ýakyn bolan sebitdäki Gökdepe-2 Gara deňizdäki 25-nji Tebigy gaz önümçilik guýusy boldy.

Buraw işleri tamamlanandan soň, Türkiyäniň Sakarya gaz ýatagyndaky gündelik önümçiliginiň 40 million kub metre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.

Ol bolsa Gara deňzindäki tebigy gaz ýataklaryndaky ätiýaçlyklaryň 710 milliard kub metre çenli ýokarlanjakdygyny aňladýar.

Göz öňünde tutulýan tebigy gaz önümçiliginiň mukdaryny köpeltmek bilen, her gün 60 million adamyň tebigy gaz zerurlyklaryny kanagatlandyrylmagy maksat edinilýär.

Eýýäm ençeme ýyl bäri halkara turbageçirijilerden gelýän tebigy gaza garaşly bolan Türkiye bu işe nädip geldi? Energiýada garaşsyzlyk ody nädip ýakyldy?

Gara deňiziň tebigy gazynda gözleg işleri TUNA-1 guýusynda 2020-nji ýylyň awgust aýynda başlandy. Bu guýuda 320 milliard kub metr gaz tapyldy. Goşmaça gözleglerden soň, Tuna-1 ýatagynda tebigy gazyň mukdarynyň 405 milliard kub metrdigine göz ýetirildi.

Ondan soň, Amasra -1 sebitinde gözleg işleri dowam edildi. “Fatih” buraw gämisi 2021-nji ýylyň 4-nji iýunynda 135 milliard kub metrlik täze bir açyş etdi.

Ätiýaçlyklaryň mukdary 540 milliard kub metre çenli ýokarlandy. Türkiye yzygiderli açyşlardan soň, bu guýularyň ýerleşýän ýeri bolan Sakarya gaz ýatagynda halkara hünärmen kompaniýasyna 3D skaner etdirdi. Sebitdäki subut edilen ätiýaçlygyň umumy kesgitlemelere görä 652 milliard kub metrdigi aýan edildi.

2023-nji ýylyň ahyrynda Çaýjuma 1 guýusynda buraw işleri geçirildi. 58 milliard kub metr ätiýaçlyk gorunyň bardygyna göz ýetirildi. Şeýlelikde, Türkiyäniň umumy ätiýaçlyklary 710 milliard kub metre çenli ýokarlandy.

Bir tarapdan buraw işleri geçirilýärkä, beýleki tarapdan tebigy gazy gury ýere ýetirmek üçin işler amala aşyryldy. Gury ýerdäki desgalaryň gurluşygyna 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda başlandy.

Tebigy gazy gury ýere daşajak liniýanyň ilkinjisiniň kebşirlemesi 2022-nji ýylda ýerine ýetirildi. Turbany çekmek tapgyry 2022-nji ýylyň iýun aýynda başlandy, gysga wagtda tamamlandy.

2023-nji ýylyň 21-nji aprelinde Prezident Erdogan tebigy gazyň ilkinji fakelini ýakdy we Gara deňziň tebigy gazy geçirilen tora goşulmaga başlandy.

Tebigy gazyň tapylmagyndan başlap buraw işlerine, turbageçirijiniň gurluşygyndan başlap gury ýerdäki paýlaýyş desgasyna çenli ähli işler 32 aýda tamamlandy.

Şeýle-de bolsa, bar bolan maglumatlara görä, Gara deňizde diňe tebigy gaz gözlegleri geçirilmeýär. Esasan hem Günbatar Gara deňizde nebitiň alamatlaryna gabat gelindi. Öňümizdäki günlerde bu sebitde buraw işleriniň geçirilmegine garaşylýar.

Ýer astyndaky baýlyklarda täze açyşlar arkaly daşary ýurtlara bolan garaşlylygyň azaldylmagy maksat edinilýär.

Türkiyäniň tebigy gaz ulgamyna girýän umumy mukdar 2023-nji ýyldaky bilen deňeşdirilende 8 göterim azalyp, 51 milliard 477 million 297 müň kub metre ýetdi. Beýleki tarapdan, importyň ýylsaýyn azalmagy meýilleşdirilýär.

Türkiye tebigy gaz zerurlyklarynyň agramly bölegini jemi 7 halkara tebigy gaz turbageçirijisi, 4 sany LNG desgasy, 2-si ýüzýän ammar we gazlaşdyryş desgalary we 2 sany ýerasty tebigy gaz saklaýyş desgasy bilen üpjün edýär.

Her ýyl takmynan 60 milliard kub metr tebigy gaz Russiýadan, Azerbaýjandan, Eýrandan, Alžirden we käbir beýleki ýurtlardan suwuklandyrylan görnüşde satyn alynýar.

Mahmut Gürer. TRT Habar kanalynyň redaktory

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kanuni Burawlaýyş Gämisi Ilkinji Synagyny Üstünlikli Tamamlady
Kanuny Burawlaýyş Gämisi, Türkali-1 Guýusynda Synaglaryna Başlady
Garadeňizde Tebigy Gaz Burawlaýyş Işlerine Başlanmagy Üçin Taýarlyk Görülýär
Fatih Gämisi Garadeňizde Üçünji Burawlaryş Işlerine Başlady