Gara deňiz sebitindäki sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Gara deňiz sebitindäki sil apatynda ýogalan adamlaryň sany artdy

Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasy AFAD tarapyndan berlen beýanatda sil apaty sebäpli Kastamonu welaýatynda 60 adamyň, Sinop welaýatynda 9 adamyň we Bartyn welaýatynda hem 1 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Sil apatynda ýaralanan 8 adamyň bejergisiniň dowam edýändigi aýan edildi.

AFAD sil sebäpli Sinop we Kastamonu welaýatlarynda dereksiz ýitenleriň sanynyň 47 adama ýetendigini beýan etdi.

Sil apatyndan soň Bartyn welaýatynyň Ulus etrabynda 341 adamyň, Kastamonu welaýatynda 1480 adamyň, Sinop welaýatynyň Aýanjyk etrabynda we etrapçalarynda bolsa 560 adamyň howpsuz ýerlere göçürilendigi mälim edildi.

Sil apatyndan soň welaýatlaryň 3-sinde hem gözleg we halas ediş işleriniň güýçli depginde dowam edýändigi beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi
Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyna heläkçilikli suw joşmalary zerarly gynanç bildirdi
Kaşdanyň Anadolyda ösdürlip ýetişdirlen miwe görnüşlerinden biridigini bilýäňizmi?
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Owganystanyň Badahşan Welaýatynyň Häkiminiň Orunbasarynyň Janyna Kast Edildi
Kastamonu Basdyrmasy
“Russiýa, Ukrainanyň Prezidentiniň Janyna Kast Etmäge Synanşyp Biler”