Gara deňiz-Hazar deňzi ulag ugry boýunça gepleşiklere taýýarlyk görülýär

Gara deňiz-Hazar deňzi ulag ugry boýunça gepleşiklere taýýarlyk görülýär

Rumyniýa Gruziýanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň hökümetleri bilen Gara deňiz-Hazar deňzi halkara ulag ýoluny döretmek we ony işe girizmek baradaky gepleşiklere başlamaga taýýarlyk görýär. Bu barada Rumyniýanyň “Postsen” internet neşiri çarşenbe güni habar berdi.

Gara deňiz-Hazar deňzi halkara ulag ýoly taslamasy Rumyniýa we Türkmenistan tarapyndan 2012-nji ýylda öňe sürüldi. Bu taslama Rumyniýanyň, Gruziýanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň geografiki ýakynlygyny ulanmak arkaly Merkezi we Demirgazyk Ýewropa bilen, Günorta Kawkaz we Merkezi Aziýa/Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň arasynda intermodal ulag ýoluny (deňiz/derýa we maşyn/demir ýol) döretmegi maksat edinýär.

Bu ulag ugurunda Konstanta, Poti, Batumi, Anaklia, Baku we Türkmenbaşy portlarynyň kuwwatlyklaryny hem-de Konstanta porty bilen Dunaý derýasynyň arasyndaky göni baglanyşygy ulanmak göz öňünde tutulýar.

Ozal, 2019-njy ýylyň 4-nji martynda Buharestde Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Rumyniýanyň we Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen, bu döwletleriň daşary işler ministrleriniň dörttaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň netijesi boýunça Gara deňiz bilen Hazar deňziniň arasyndaky ýük ulag ýoluny ösdürilmegine we taslamanyň gysga wagtda durmuşa geçirilmegine bilelikdäki ygrarlylygynyň beýany hökmünde Jarnama (Buharest Jarnamasyna) gol çekildi.

Bellenilişi ýaly, Gara deňiz-Hazar deňzi halkara ulag ýolunda päsgelçiliksiz hereketi amala aşyrmak üçin wizalaryň berilmegini ýeňilleşdirmek, ýönekeýleşdirilen gümrük beýannamalaryny we beýleki elektroniki resminamalary ykrar etmek boýunça dörttaraplaýyn görnüşde ylalaşmaly.

Gepleşiklere rumyn wekiliýetiniň düzümine ministrlikleriň we degişli edaralaryň wekilleri girer we bu ýurduň Ulag ministrliginiň Döwlet sekretary ýolbaşçylyk eder.

Ýene degişli makalalar

Rumyniýa, Türkmenistan, Azerbaýjan we Gürjüstan Hazardan Gara deňze çenli ýük gatnawy marşrutyny döredýär
HAZAR DEŇZI GARA DEŇIZ HALKARA ÜSTAŞYR WE ULAG GEÇELGESINI DÖRETMEGI IŞJELEŞDIRMEK DURMUŞA GEÇIRMEK BOÝUNÇA MESELELER ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenbaşy we Baku portlarynyň arasynda ýük gämileriniň gatnawy köpelýär
YKDYSADY ÖSÜŞLER ROWAÇLYGYŇ BINÝADY
Ulag geçelgesini döretmek boýunça duşuşyk geçirildi
Ulag diplomatiýasynyň geljegi