GAR-da towuk ýumurtgasynyň bölek söwdasyna çäklendirme girizildi

GAR-da towuk ýumurtgasynyň bölek söwdasyna çäklendirme girizildi

Günorta Afrika Respublikasynda gytlyk sebäpli towuk ýumurtgasynyň bölekleýin söwdasyna çäklendirme girizildi, muňa ýurtda guş dümewiniň möwç almagy sebäp boldy diýip, MIR 24 habar berýär.

Häzirki wagtda müşderi altydan köp ýumurtga satyn alyp bilmeýär, söwda nokatlarynda ýumurtga gytlygy gitdigiçe ýokarlanýar, girizilen çäklendirmeler hem milli bazarda ýagdaýy kadalaşdyrmagy başarmady diýlip, habarda bellenýär.

Häzir guş dümewi GAR-da towuklaryň 30 göterime golaýynyň, ýagny 7,5 million sanysynyň gyrylmagyna getirdi, keseliň möwjeme merkezi Gauteng ülkesi bolup durýar.

Towuk etidir ýumurtgasynyň ýetmezçiligini aradan aýyrmak üçin ýurduň hökümeti gyssagly ýagdaýda olaryň importyna rugsatnama berdi diýip, SABC radioýaýlymy habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Beýik döwlet bizi saýasyna aldy. Gazagystandan pena alyp bilmedik garagalpaklar ABŞ bardylar
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
Türkmenistanly ýaş pianinoçy nobatdaky gezek halkara saz bäsleşiginde ýeňiji boldy
El maşklaryny etmek dyzyňa peýdaly
Aşgabatda GAR-nyň Gazagystandaky ilçihanasynyň syýasy geňeşçisi kabul edildi
Döwrebap ulag ulgamy ösüşiň möhüm şertidir