2-nji iýunda BRIKS-iň daşary işler ministrleriniň maslahaty Günorta Afrika Respublikasynyň paýtagty Keýptaun şäherinde başlandy.
-Şu günki maslahatda global dolandyryş ulgamlaryny güýçlendirmek we özgertmek maksady bilen mümkinçiliklere ünsümizi jemläris we global derejede ykdysady durnukly dikeldiş üçin çözgütlere garaşarys diýip, Günorta Afrika Respublikasynyň halkara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk ministri Naledi Pandor aýtdy.
-Bu ýyl BRIKS-iň sammiti Ýohannesburgda geçiriler – diýip, sammitiň mowzugynyň “BRIKS we Afrika: özara çaltlaşdyrylan ösüş üçin hyzmatdaşlyk, durnukly ösüş we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk” boljakdygyny aýtdy.
BRIЛS, Braziliýa, Russiýa, Hindistan, Hytaý we Günorta Afrika ýaly ýurtlarynyň toparydyr. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda BRIЛS-iň başlyklygy Hytaýdan Günorta Afrika geçdi.
BRIKS-iň 15-nji sammiti şu ýylyň 22-24-nji awgust aralygynda geçiriler.