"Gaňňalyň oýunda, Tejende galdy": Işsizlik we zyýanly endikler tejenli ýaşlara howp abandyrýar

"Gaňňalyň oýunda, Tejende galdy": Işsizlik we zyýanly endikler tejenli ýaşlara howp abandyrýar

Ykdysady kynçylyklar, garyplyk, giň ýaýran işsizlik, sowatsyzlyk we dünýä jemgyýetçiliginden üzňelik türkmen jemgyýetinde ýitileşen sosial meseleleri möwjedýär.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýaňy-ýakynda paýtagt Aşgabatdan 220 kilometr çemesi gündogarda ýerleşýän Tejen etrabyna sapar edip, halkyň hal-ýagdaýy, ýaşaýyş-durmuş şertleri we bilim ojaklaryny tamamlaýan ýaş raýatlaryň iş, okuw mümkinçilikleri bilen gyzyklandy, ýerli ýaşaýjylar bilen söhbetdeşlik geçirdi.

“Orta mekdebi tamamlaýan ýaşlaryň iş we okuw mümkinçilikleri çäkli. Köp sanly ýaşlar ýaramaz endiklere baş goşup, öz wagtlaryny bisarpa geçirýärler” diýip, bir ýerli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Onuň sözlerine görä, giň ýaýran işsizligiň hem-de çäkli mümkinçilikleriň fonunda, ýaşlaryň arasynda spirtli içgilere, temmäki önümlerine endik edýän, ýaramaz endikler bilen meşgullanýan raýatlaryň sany köpelýär.

“Ýaşlaryň arasynda arak, şerap ýaly spirtli içgilere, saglyga zyýanly temmäki önümlerine uýgunlaşýan, nikotin garaşlylygyna sezewar bolýan raýatlara häli-şindi duş gelmek mümkin” diýip, ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ilat arasynda emele gelýän oňaýsyz meýiller, ýitileşýän sosial problemalar barada yzygiderli habar berip gelýärler. Ýurduň dürli künjeklerinde yzygiderli ýitileşen durmuş-ykdysady problemalar jenaýatçylygyň artmagyna, ogurlyk-talaňçylyk ýaly hadysalaryň ýygjamlaşmagyna alyp geldi.

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli ýaşaýjylar dowam edýän problemalaryň ösüp gelýän ýaş nesilleriň ruhy saglygyna ýaramaz täsir ýetirýändigini aýdýarlar.

“Ýaşlaryň daş-töweregini gurşap alýan hakykat agyr ýaşaýyş durmuş şertleri, ýeter-ýetmezçilik, belentli-pesli, çukanakly köçeler, diwarlary ýykylan, opurylan binalar ýaşlaryň ruhy deňagramlylygyna negatiw täsir edýär” diýip, bir tejenli ýaşaýjy Azatlyk Radiosynyň habarçysyna gürrüň berdi.

Türkmenistanyň esasy suw baýlyklarynyň biri bolan Tejen derýasynyň ýakasynda ýerleşýän bu sebitde ilat esasan oba hojalygy, şol sanda ekerançylyk we maldarçylyk bilen meşgullanýar. Şeýle-de, Tejen etraby ýurduň iri ulag-üstaşyr taslamalarynyň çatrygynda ýerleşýär, Tejen-Sarahs-Maşat demir ýol geçelgesi, şeýle-de Aşgabat Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly Tejen etrabynyň üstünden geçýär. Şol bir wagtda, bu sebitde önümçilik kärhanalary, gök-bakja we miwe önümlerini gaýtadan işleýän zawodlar, dokma senagaty kärhanalary we beýlekiler bar.

Şeýle-de, Tejen etraby ýakyn taryhda möhüm adam resurslary bilen öňe saýlandy, Berdi Kerbabaýew, Kerim Gurbannepesow ýaly bu sebitde önüp-ösen meşhur ýazyjy-şahyrlar türkmen edebiýatyna we medeniýetine uly goşant goşdy. Kerim şahyryň “Gaňňalyň oýunda, Tejende galdy” setirleri ýakyn taryhyň medeni we ruhy giňişliginde Tejen sebitine şöhle saçdy.

Ýöne ýaňy-ýakynda bu etraba sapar eden habarçymyz Tejeniň tozap ýatan ýerleri, çukanakly köçeleri, ýykylan binalary we, giň ýaýran işsizligiň fonunda, tejenli ýaşlaryň arasynda ýoň bolan zyýanly endikler barada habar berýär.

“Ýaşlaryň agramly bölegi türkmen dilinden başga hiç bir dilde gürläp bilmeýärler. Sowatsyzlyk zerarly, ýaşlar dünýäden bihabar ýetişýärler we ýer şarynda Türkmenistan ýaly döwlet ýokdur diýen pikir bilen önüp-ösýärler. Halkara jemgyýetçiliginden habarsyz ýaşlaryň arasynda özge ýurtlarda hem adamlar Türkmenistandaky ýaly ýaşaýandyrlar diýen pikirler agdyklyk edýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýerli synçynyň sözlerini sitirledi.

Dowam edýän maliýe-ykdysady problemalar, sosial meseleler ýurduň tas ähli künjeklerine mahsus bolup, synçylar, bu ýagdaýyň esasan ýurtda nädogry ýöredilýän maliýe-ykdysady syýasatdan, üzňelikden, ýapyklykdan we emelsizlikden uç alýandygyny aýdýarlar.

Azatlyk Radiosy Tejen ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen bagly habarlar boýunça etrap resmilerinden teswir alyp bilmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäherinde 4-lük belgili täze elektrobus gatnawy ýola goýuldy
Aklanan Hojanepes Çaryýew näme üçin ýatlanmaýar?
Ahalyň täze merkeziniň köçelerine milli şahsyýetleriň atlary dakylar
Berdi Kerbabaýewiň “Japbaklar” atly kitabyndan
“Gülle medeniýetim sungatym meniň”
“Magtymguly Pyragy - ynsan kalbynyň öçmejek nury”