Ýörite geýimler dünýäsi kompaniýasy ýokary hil standartlaryna kybap gelýän önümleri hödürlemek bilen, Türkmenistanyň ýörite iş-hünär geýimleriniň bazaryndaky ornuny pugtalandyrýar. Olaryň Gandaş uniform brendi ýöriteleşdirilen iş eşikleri pudagynda ygtybarlylygyň we stiliň hakyky nyşanyna öwrüldi.
Kompaniýanyň önümçilik prosesi Ýewropanyň standartlaryna we kadalaryna laýyklykda yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu ýokary hilli we işiň özboluşly talaplaryna laýyk gelýän önümleriň öndürilmegini üpjün edýär.
Bu ýerde geýimleriň müşderiler üçin oňaýly bolmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Önümçilikde ýörite ölçeg tablisasy taýýarlanylyp, resmi taýdan tassyklanyldy. Ol häzirki wagtda kataloglarda we kompaniýanyň sosial media ulgamlarynda hem elýeterlidir. Bu dogry ölçegdäki geýimi saýlamagy ep-esli aňsatlaşdyrýar. Mundan başga-da, kompaniýanyň tejribeli hünärmenleri laýyk ölçegi saýlamak meselesinde müşderilere maslahat bermäge taýýardyr.
Ýörite geýimler dünýäsi kompaniýasynyň assortimentiniň ýörite iş geýimleriniň köpdürli görnüşlerini öz içine alýandygyny bellemelidiris: gözellik salonlarynyň, lukmançylyk ulgamynyň (SPA merkezleri, kosmetologlar, lukmanlar), HoReCa pudagynyň (myhmanhanalar, restoranlar, kafeler) işgärleri üçin geýimler, ofis geýimleri, tehniki we senagat iş eşikleri, şeýle hem antistatiki eşikler.
Kompaniýa dürli ugurlarda zähmet çekýän hünärmenleri ýokary hilli ýöriteleşdirilen iş eşikleri bilen üpjün etmekde ygtybarly hyzmatdaşyňyzdyr!
Habarlaşmak üçin:
Dükanlaryň salgylary şu salgylanmada ýerleşdirilen.