Ganazlyk we onuň tebigy bejergisi…

Ganazlyk we onuň tebigy bejergisi…

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynyň mowzugy: Ganazlyk we onuň tebigy bejergisi…

Ganazlyk ýa-da anemiýa, bedende organlary we dokumalary ýeterlik mukdarda kislorod bilen üpjün etmek üçin gerek bolan mukdarda sagdyn gyzyl gan öýjükleri bolman halatynda ýüze çykýan ýagdaýdyr. Aýlanýan gyzyl gan öýjükleriniň sany azalan halatynda ganazlyk ýüze çykýar.

Ganazlygyň sebäpleri şulardan ybarat;

· Bedende ýeterlik mukdarda gyzyl gan öýjükleriniň öndürilmezligi,

· Ganama sebäpli gyzyl gan öýjükleriniň ýitgisiniň artmagy,

· Gyzyl gan öýjükleriniň bedende adatdakysyndan gysga möhletde ýok edilmegi.

Anemiýanyň bejergisi, onuň görnüşine we mukdaryna görä üýtgeýär. Bejergide esasy maksat anemiýa sebäp bolan ýagdaýy ortadan aýyrmaklykdyr. Demir azlygy we folik aşgar sebäpli ýüze çykýan anemiýa üçin malyň etini iýmeklik maslahat berilýär.

Beýleki tarapdan bolsa malyň etinden başga lukmanyň maslahat berýän gök, bakja we miwe önümleriniň sarp edilmegi maslahat berilýär. Biz şulary maslahat berýäris:

Gök önümler

Ýaşyl ýaprakly bakja önümleri siziň iýmitleniş düzgüniňize goşmak üçin iň esasy azyklardyr. Şol ýaprakly önümleriň hatarynda ysmanak, kelem, gara kelem bar. Ýaşyllar umuman saglygyňyzy gorap saklamagyň hem-de berhiziňize demir hem-de J witaminini goşmagyň esasy bölegi bolup durýar.

Sitrus önümleri

Sitrus önümleriniň düzüminde demiri siňdirmek üçin gerek bolan ýokary mukdarda J witaminini özünde jemleýändigi sebäpli ganazlygy bolanlara peýdalydyr. Oňa pyrtykal, limon, nar, erik, greýfurt we tegelek limon degişlidir.

Fasol

Fasolyň düzüminde ýokary mukdarda demir elementi bardyr. Olara nohut, noýba we garoh hem degişlidir.

Günebakar

Gabykly iýmişler we tohumlar (kädi çigidi we günebakar çigidi) sagdyn iýmitlenmegiňize goşant goşar.

Kartoşka

Kartoşka berhiziňize demir goşmak üçin ajaýyp we ýeňil azyklardan biridir.

Şugundyr

Ganazlygyňyzdan gutulmak üçin iň peýdaly önümlerden biri hem şugundyrdyr. Bu önüm, tebigy demir elementi taýdan baý bolany üçin ganyň düzümindäki gemoglobiniň sanyny artdyrýar. Şol sebäpli uzak möhletli sarp etmek ganyň düzümindäki kislorodyň mukdaryny hem tapgyrlaýyn artdyrar.

Tmin

Demir azlygy üçin peýdalydyr. Tminiň düzümindäki ýokary demir elementi ganazlygyň bejergisi üçin maslahat berilýär.

Ysmanak we seldereý

Anemiýa umuman, gan aýlanyşy adamyň bedeninde gerek bolan gemoglobin öndürmän halatynda gandaki foliki aşgaryň ýetmezçiliginden gelip çykýar. Yzgyderli häsýetde ysmanak we seldereý iýilse, şeýle näsazlyklar ortadan aýrylýar. Bu ýaprakly gök önümlerde B12, foliki aşgar we beýleki möhüm elementleriň mukdary ýokarydyr.

Banan

Bananyň düzüminde J witamini, foliki aşgar, kaliý we demir bardyr. Banan iýmeklik bedendäki demiriň mukdaryny artdyrmak üçin peýdalydyr.

Hurma, kişmiş we injir

Kişmiş we hurma düzüminde J witamini we demir elementi bolan azyklar. J witamini immunitet ulgamyny güýçlendirip, şeýlelikde bedeniňiziň demiri has netijeli siňdirmegini üpjün eder. İnjir bolsa A witamini, magneziý we folik aşgar taýdan baýdyr. Ertirlik naharynda hepdede üç gezek bir owuç injir, hurma we kişmiş iýmek gemoglobinimizi ýokarlandyrar.

Gara künji

Gara künjüniň düzüminde demir elementi ýokarydyr. Ysgynsyzlykdan ganazlykdan ejir çekýän adamlara gara hünji iýmeklik maslahat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Insulin garşlygy bilen göreş
Içgeçme we iýmitlenme…
Türkmenistanda 2018-nji ýylyň üçünji çärýeginde azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalarynyň üýtgeýşine syn
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Ýürek saglygy üçin peýdaly azyklar