Ganatly bedewleriň halkara bäsleşiginiň hem-de döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Ýurdumyzda her ýyl geçirilýän ahalteke bedewleriniň halkara gözellik bäsleşigi türkmen atlarynyň şanyna guralýan baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň biridir. Onuň baş maksady atşynaslyk däpleriniň ösdürilmegini höweslendirmekden, baý milli medeni mirasyň möhüm bölegi hökmünde bu bedewlere dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmekden ybaratdyr.

...Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň öňündäki meýdança Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar.

Dabara, şeýle hem şu günler sarpalanylýan, saýlap alan hünärinde ajaýyp üstünlikleri gazanan atşynaslar, bedewleriň täsin dünýäsi bilen bagly beýleki ulgamlaryň hünärmenleri gatnaşdylar.

Bu ýerde dabara gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň sungat ussatlary aýdym-sazlar hem-de joşgunly tanslar bilen çykyş etdiler.

Dünýäniň atçylyk pudagynyň öňdebaryjylarynyň biri hasaplanylýan bu toplumda mähriban halkymyzyň milli baýlygy we buýsanjy bolan, tebigat bilen sazlaşykda dörän, gözelligiň, ajaýyp nusgasyny alamatlandyrýan naýbaşy bedewleri ösdürip ýetişdirmek hem-de seýislemek üçin ähli şertler döredildi. Şundan ugur alnyp, häzirki döwürde asylly bedew Türkmenistanyň ajaýyp nyşany — taryhy tejribäniň dowamatlylygynyň nusgasy, belent ýörelgeleriň dabaralanmagynyň, tutanýerli zähmetiň hem-de ata Watanymyzyň mundan beýläk-de rowaçlanmagyna güýç-gaýratly ymtylmagyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atçylyk pudagyny ösdürmäge, arassa ganly ahalteke tohumynyň baş sanyny saklamaga we artdyrmaga, ony tutuş dünýäde wagyz etmäge gönükdirilen asylly başlangyçlary hem-de taýsyz tagallalary bu gün giň ählihalk goldawyna eýe bolýar. Şu dabara hem munuň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi.

Onuň çäklerinde özleriniň işine uly üns berýändiginiň nyşany hökmünde, şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli ýurdumyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan hormatly Prezidentimize naýbaşy ahalteke bedewleri sowgat berildi.Wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedowdan ajaýyp bedewleri kabul etmegini haýyş edýärler.

Meýdança ýurdumyzyň her welaýatyndan we paýtagtymyzdan bedewler yzly-yzyna çykarylýar. Şeýle hem ähli sebitleriň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular hem-de ýaş nesliň wekilleri çykýarlar.

Şeýlelikde, Ahal welaýatynyň zähmetkeşleriniň adyndan Oguzkent, Balkan welaýatyndan Deňiz, Daşoguz welaýatyndan Gyrbedew, Lebap welaýatyndan Köýtendag, Mary welaýatyndan Murgap, Aşgabat şäherinden bolsa Akşäher atly bedewler sowgat berildi.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň adyndan ýene-de bir ajaýyp Beýikdag atly bedew sowgat berildi.

Diýarymyzyň ähli atşynaslarynyň adyndan milli Liderimize 2018-nji ýylda doglan, Hanbegler we Okgyz atly bedewleriň nesli bolan hem-de Gaplaňyň nesil ugruna degişli ajaýyp Hankerwen atly mele bedew sowgat berildi.

Wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşýan welaýatlaryň ýaşulularyna hem-de ganatly bedewleriň şöhratly taryhyny dowam etdirmäge saldamly goşant goşýan atşynaslara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Olar hormatly Prezidentimize ajaýyp ahalteke bedewlerini sowgat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň düýbüni tutan asylly däbine eýerip, S.Berdimuhamedow döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň atşynaslary tarapyndan sowgat berlen Hankerwen atly bedewiň boýnuna enesi Ogulabat ejäniň ören alajasyny dakdy.

Soňra wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow at üstünde çapuw ýodasy boýunça gezim edip, bedewi synap gördi. Bedew bolsa çapyksuwaryň tejribelidigini, başarjaňdygyny duýup, onuň ähli ýumuşlaryny birkemsiz ýerine ýetirdi we tomaşaçylara öz gözelliginden, sazlaşykly hereketinden hem-de seýkin ýöreýşinden lezzet almaga mümkinçilik berdi.

Çapuw ýodasyna çykan bedew birsellem öz maýdalyna ýöredi.Soňra S.Berdimuhamedow bedewi çapyp başlady.Bu görnüşler ynsan bilen bedewiň aýrylmaz arabaglanyşygyny, milletiň buýsanjyna öwrülen ajaýyp bedewleriň Diýarymyzda giňden tutulýan toý-baýramlaryň esasy bezeglerini alamatlandyrdy.

Bu gün Türkmenistanyň ösüşleriň we beýik ýeňişleriň belentliklerine tarap urýan ynamly gadamy bedew badyna meňzedilýär.Bu bolsa ata Watanymyzyň Arkadag Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüşiň täze sepgitlerini eýeleýändigine şaýatlyk edýär.

Soňra alypbaryjy ahalteke bedewleriniň arasynda halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygyny yglan etdi.

Ata-babalarymyzyň tutanýerli zähmeti bilen mukaddes türkmen topragynda ýetişdirilen we ajaýyplygy, syratlylygy hem-de ýyndamlygy bilen şan-şöhrata eýe bolan behişdi bedewler halkymyzyň milli gymmatlygydyr we buýsanjydyr diýip, hormatly Prezidentimiz nygtaýar.

Döwletimiz tarapyndan ýurdumyzyň atçylygyny ösdürmek we ahalteke bedewleriniň tutuş dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak boýunça netijeli çäreler görülýär. Pudagy ylmy taýdan ösdürmek, bu ugurda amala aşyrylýan işleri yzygiderli kämilleşdirmek, halkara bäsleşikleri geçirmek üçin niýetlenen döwrebap atçylyk sport toplumlaryny gurmak üçin ägirt uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär.

Atçylyk pudagynyň okgunly ösdürilmegine goşmaça itergi bermäge, at çapyşyklarda, atly sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlarda, hususan-da, konkur we at üstündäki milli oýunlar boýunça bäsleşiklerde üstünlikli çykyş etmäge ukyply türgenleri taýýarlamaga uly üns berilýär. Şu maksat bilen Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň düzüminde ýörite okuw merkezi hem-de halkara ölçeglere gabat gelýän açyk we üsti ýapyk manežler guruldy.

Diýarymyzyň hem-de daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke bedewlerini ýetişdirmek boýunça amala aşyrýan asylly işlerine mynasyp baha berilýär. Olara “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy”, “Türkmenistanyň ussat halypa çapyksuwary”, “Türkmenistanyň halk atşynasy” hem-de “Türkmenistanyň ussat halypa seýsi” diýen hormatly atlar dakylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2010-njy ýylda döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň işini hem bellemek gerek.Arassa ganly ahalteke bedewlerini köpeltmäge, bu tohumy kämilleşdirmäge hem-de olaryň ajaýyp tohumçylyk häsiýetlerini ösdürmäge ýöriteleşdirilen, dürli ýurtlaryň atşynaslarynyň duşuşyklary hem-de özara gatnaşyklary üçin netijeli edara öwrülen bu guramanyň giň gerimli işi behişdi bedewleriň tutuş dünýäde şan-şöhratyny artdyrmaga ýardam edýär.

Diýarymyzda guralýan ýörite sergiler we maslahatlar, ganatly bedewleriň gözellik bäsleşikleri hem şu maksada hyzmat edýär.

Mälim bolşy ýaly, ajaýyp çapyksuwar, bedewlere belent sarpa goýýan milli Liderimiz işiniň köpdügine garamazdan, boş wagtlarynda at çapmak we atly gezim etmek bilen meşgullanýar, edebi döredijiliginde aýratyn orun eýeleýän bedewler bilen hem yzygiderli didarlaşýar.

Döwlet Baştutanymyz giň taryhy hem-de häzirki döwrüň maglumatlaryny seljermegiň we umumylaşdyrmagyň esasynda deňi-taýy bolmadyk ahalteke bedewleri baradaky kitaplaryň ençemesini döretdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Gadamy batly bedew”, “Atda wepa-da bar, sapa-da” diýen ajaýyp eserlerinde türkmen halkynyň wepaly ýoldaşy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmegiň hem-de seýislemegiň nesilden-nesle geçirilip gelinýän özboluşly däpleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Türkmen halkynyň köpasyrlyk taryhy we ykbaly bedewler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ady rowaýata öwrülen atlaryň şan-şöhraty asyrlar aşyp, bu gün hem parasatly we gadymy halk hem-de onuň gahrymanlary barada bütin dünýä gürrüň berýär. Türkmenleriň halk döredijiliginde beýan edilen atyň keşbinde milli ruh, maksada okgunlylyk, gözellik, güýç-kuwwat hem-de dostluk, wepalylyk, gaýduwsyzlyk, adalatlylyk, ata Watana söýgi düşünjeleri jemlenendir.

Dünýäde iň gowy tohumlaryň biri hökmünde ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjydyr we şöhratydyr. Köp müňýyllyk taryha eýe bolan behişdi bedewler täsin, nepis syna gurluşy, çeýeligi hem-de çalasynlygy bilen diňe bir Türkmenistanyň däl-de, dünýäniň hem genji-hazynasynyň gymmatlygy hasaplanylýar.

Buýsançly gylyk-häsiýetlerine garamazdan, bedewler ynsan bilen gatnaşyklarda ýürekdeşdir, haçan-da olar hakynda yzygiderli alada edilende, eýesine çäksiz wepalydyr.Türkmen bedewleri hemişe — söweş meýdanlarynda hem, zähmetde hem ata-babalarymyzyň kömekçileri bolupdyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, biziň halkymyz milli buýsanjymyz, adamzat genji-hazynasynyň göwheri bolan ahalteke bedewleriniň iň oňat sypatlaryny wasp edýän ganatly jümleleri aýawly saklamagy hem-de şu günlerimize ýetirmegi başarypdyrlar.

Soňra dabarany alypbaryjy Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baý many-mazmunly çäreleriň maksatnamasynyň bir bölegi bolan “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň başlanýandygyny yglan etdi. Bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda saýlanyp alnan ahalteke bedewleriniň iň gowularynyň 10-sy syn ediş meýdançasyna çykarylýar.

Olaryň her birini eminleriň öňünden geçirýärler. Birinji gezek at esbapsyz, ikinji gezek bolsa doly esbaplara hem-de şaý-seplere beslenen bedewleri geçirýärler.

Bäsleşigiň düzgünine laýyklykda, bedewleriň ählisi tertip boýunça emin agzalaryna we tomaşaçylara görkezildi: olaryň ady, ýaşy, nesil ugry, eýesi barada maglumatlar berilýär. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna meşhur atlaryň tohumyny dowam etdirýän bedewler çykýar.

Ganatly atlaryň köp sanly muşdaklary ajaýyp ahalteke bedewleriniň nesilleriniň haýran galdyryjy gözelligine hem-de syratlylygyna baha bermäge mümkinçilik aldylar.

Tebigy gözelligini bir sözde beýan edip bolmaýan täsin bedewler özleriniň owadanlygy bilen emin agzalaryny hem-de atyň muşdaklaryny haýran galdyrdylar. Türkmen halky özleriniň bedewleriniň täsinligini nygtap, olary gymmatly bezegler bilen bezeýär. Ussat zergärler kümüşden, altyndan hem-de gymmat bahaly daşlardan ganatly bedewler üçin täsin şaý-sepleri taýýarlapdyr.

Ahalteke bedewleriniň täsin hem-de aýratyn reňk öwüşgini, uzyn we inçe aýaklary, owadan boýny, sazlaşykly göwresi, ýyndamlygy, örän çydamlylygy atşynaslaryň, seçgiçileriň hem-de seýisleriň döredijilikli, tutanýerli zähmetiniň miwesidir. Olaryň däplerini bu gün ýokary hünärli hünärmenler hem-de öz işiniň ussatlary dowam etdirýärler.

Atlar özleriniň ajaýyp syna gurluşy bilen nepis gözelliklerini hem-de başarnyklaryny, ähli agzalarynyň sazlaşykly hereketlerini görkezdiler. Hakykatdan-da, arassa ganly bedew ussat seýisleriň zehininden dörän hakyky hazynadyr.

Soňra bu ýerde ahalteke atlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi. Şol bäsleşigiň esasy maksady bu düşbi we owadan bedewleriň türkmen halkynyň durmuşynda eýeleýän ornuny beýan etmekden ybaratdyr.

Hut bedewiň Diýarymyzyň baş nyşanydygy, döwürleriň hem-de nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygynyň aýdyň beýanydygy tötänden däldir.At türkmenler üçin wepaly ýoldaşdyr we dostdur, ygtybarly kömekçidir hem-de sazlaşygyň nusgasydyr. Şoňa görä-de, bedewlere bagyşlanan ençeme rowaýatlar, ertekiler we nakyllar döredildi.

Halkymyzyň döredijilik ylhamy bedewi jadyly alamatlar bilen häsiýetlendirdi. Şol döredijilikde behişdi bedewler arzuwlaryň wysal bolmagyny, şowlulygy, bagtyýarlygy hem-de hoşniýetliligi alamatlandyrýar.

Elbetde, bularyň ählisi gadymy döwürlerden biziň günlerimize çenli milli sungatda hem öz beýanyny tapdy. Atlaryň tebigy gözelligi, syratlylygy, wepalylygy, ýyndamlygy köp asyrlaryň dowamynda şahyrlar, suratkeşler üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat etdi.

Ahalteke bedewiniň ajaýyp keşbi, häsiýeti, aň-paýhasy hem-de täsin zehini döredijilik işgärlerini şahyrana keşpleri döretmäge ruhlandyrdy.

Bäsleşige hödürlenen iň gowy işler degişli ugurlara — iň nepis haly, türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary, türkmen bedewiniň iň gowy surat we heýkel eseri, iň gowy neşir önümleri, iň gowy telewizion görnüşler ugry boýunça seçilip alyndy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan bäsleşigiň ýeňijilerine — türkmen bedewiniň şekili çitilen iň nepis haly — “Behişdi bedew” atly eseri üçin Aşgabat çeper halyçylyk kärhanasynyň önümçilik we hil boýunça hünärmeni G.Orazowa, türkmen bedewiniň naýbaşy şaý-sepi, bezeg lybaslary — “Garlawaç at şaý-sep toplumy” atly eseri üçin Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 42-nji orta mekdebiň surat we çyzuw mugallymy E.Annaberdiýewa, türkmen bedewiniň iň gowy surat eseri — “Türkmen toýy” atly nakgaş eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň nakgaşlyk kafedrasynyň bäşinji ýyl talyby Ş.Orazlyýewe “Tolkun” telewizory we şahadatnama gowşuryldy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň adyndan türkmen bedewiniň iň gowy heýkeli — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany atly heýkel eseri üçin Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň heýkeltaraşlyk kafedrasynyň mugallymy M.Hojainowa, türkmen bedewiniň keşbi ýerleşdirilen iň gowy neşir önümi — “Türkmeniň uçar ganaty” atly fotoişleri üçin Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň fotohabarçysy M.Rozyýewe, türkmen bedewiniň gözelligini açyp görkezýän iň gowy telewizion görnüşler — “Türkmen bedewi” atly wideoşekili üçin Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Altyn asyr: Türkmenistan” teleradioýaýlymynyň teleoperatory B.Ramazanowa baýraklar gowşuryldy.

Bäsleşigiň ýeňijileri hormatly Prezidentimize öz döredijilik işlerine ýokary baha berendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy behişdi bedewleriň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmagyň, olary giňden wagyz etmegiň bähbidine ähli tagallalary etjekdiklerine we güýç-gaýratlaryny, ukyp-başarnyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňra ahalteke bedewleriniň arasynda “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” adyny almak ugrunda geçirilen halkara bäsleşigiň ýeňijisi yglan edildi.

2021-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi diýen ada Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň Ary we Altynbaş diýen bedewleriň neslinden bolan hem-de meşhur Skak diýen atyň nesil ugruna degişli Aýgytly diýen bedewi mynasyp boldy. Ony Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň atly sport we marafon bölüminiň türgeni Çarymyrat Ballyýew seýisläp ýetişdirdi.

Ýeňijä milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baş baýragy — “Leхus” awtoulagy, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda sungat ussatlary döredijilik çykyşlarynda türkmenistanlylaryň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe barýan ata Watanymyza bolan buýsançdyr bagtyýarlyk duýgularyny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Ahalteke atçylygy: dünýä derejesindäki şan-şöhratyň täze belentliklerine tarap
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kim, haçan oýlap tapdy?
Türkmenistanyň we Gazagystanyň dil ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyga uly ynam bildirilýär
Dünýäniň iň çalt hereket edýän liftleri