Ganaly bir ýaşly çaga dünýäde iň ýaş suratkeş diýlip yglan edildi

Ganaly bir ýaşly çaga dünýäde iň ýaş suratkeş diýlip yglan edildi

Afrikadaky Ganadan bolan bir ýaşly Eýs-Liam Sem Ankra atly çaga Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan iň ýaş suratkeş diýlip yglan edildi. Bu barada çaganyň ejesi Şantel Egan Iz.ru neşirine gürrüň berdi.

Ejesiniň sözlerine görä, çaga alty aýlykka surat çekmek bilen gyzyklanyp başlady. Ilkibaşda ogluny güýmemek üçin ejesi onuň öňünde reňkleridir kendiri goýdy. Onuň on bir aýlykka zehinlidigini duýdum. Oglum çotgany kendiriň ýüzünde nädip ýöretmelidigini bilýärdi diýip, ejesi gürrüň berdi.

Geçen ýylyň aýagynda oglanjygyň çeken suratlary sergide goýlup, olaryň 11-si satyn alyndy.

Ýene degişli makalalar

28-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkiyäniň Afrika ýurtlaryna eksporty artýar
Malide sil joşgunlarynda 77 adam pida boldy, 148 adam ejir çekdi
Aşgabatdaky Maglumat elýeterliligi merkeziniň hünärmenleri Seulda tälim aldylar
Akşaý Kumar kinoçylary batyrýar
Petro Deňizçileri Ysraýyla Kömür Ganatmagy Bes Etmäge Çagyrdy