Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky işini tamamlaýan ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky işini tamamlaýan ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow diplomatik işini tamamlaýan Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Erik Owusu-Boateng bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirýän ähli ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar. Ikinji syýasy geňeşmeleri, şeýle hem iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda duşuşyklary geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary ikitaraplaýyn türkmen-gana gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga goşan goşandy üçin ilçä sagbolsun aýtdy we geljekki işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi Türkmenistanda diplomatik wezipesini durmuşa geçirmekde berlen hemmetaraplaýyn goldaw we ýardam üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Gana Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi diplomatik işini tamamlaýar
Geçen Ýyl 96 Ýurda Fystyk Eksport Edildi
Ganadaky ýangynda 100-den gowrak dükan ýandy
Petro Deňizçileri Ysraýyla Kömür Ganatmagy Bes Etmäge Çagyrdy
Prezident Erdogan daşary ýurtly ilçilerden ynanç hatlaryny kabul etdi
Edebiýat boýunça Nobel baýragy Han Gana berildi