Gamyş pişigi

Türkmenistanyň ýabany tebigatynda pişikleriň birnäçe görnüşi duş gelýär. Şolaryň biri hem gamyş pişigi (latynça: “Felis chaus”) bolup, bu jandar pişikler maşgalasyna degişli bolan ýyrtyjy süýdemdirijidir.

Gamyş pişiginiň bedeniniň daşky görnüşi öý pişiklerine meňzeýär, ýöne göwresi birneme iriräk bolýar.Beden uzynlygy ortaça 60-130 santimetr aralygynda bolup bilýär.Agramy 8-12 kilogram töweregidir.

Gamyş pişiginiň bedeni gysga, aýaklary uzyn bolýar.Boýunyň beýikligi 50 santimetre çenli ýetýär.Guýrugy onçakly bir uzyn däl, guýrugynyň uzynlygy ortaça 21-30 santimetr töweregi.Gulaklary we gözleri birneme ulurak.

Gulaklarynyň ujunda birneme uzynrak tüýjagazlary bolýar.Gamyş pişiginiň iri göwrümli bedeni ýaşaýan ýerlerine baglylykda çalymtyl-çägesöw reňkden sarymtyl-goňur reňke çenli üýtgeýär.Bedeniniň aşaky bölegi açyk reňkli bolýar.

Pişigiň bu görnüşiniň aýagynyň penjeleri uzyn bolýar.Bedeniniň tüý örtügi gaty bolup, tomsuna seýrekleşýär we gyşyna gür tüý örtügi peýda bolýar.

Gamyş pişigi ýabany tebigatda 15 ýyl töweregi ýaşamaga ukyply. Ýaşamak üçin özüne hin gazmaýar, ýöne başga haýwanlaryň taşlap giden boş hinlerinde ýaşaýar. Göçýän ýaşaýyş obrazyny alyp barýar. Ol şol bir ýerde uzak saklanmaýar. Gamyş pişigi gijesine işjeň hereketde bolýar. Bu pişigiň eşidiş we görüş ukyby güýçlüdir. Pişikleriň beýleki görnüşleri ýaly bukuda gizlenip aw edýär. Ol beýiklige güýçli bökýär.

Gamyş pişigi dünýä ýüzünde Hazar deňziniň kenarýakalarynda, Pakistan, Owganystan, Hindistan, Gazagystan sebitlerinde, Afrikanyň demirgazyk ýerlerinde, Merkezi Aziýadan Hytaýa çenli bolan aralykda duş gelýär.Türkmenistanda suw gurşawlaryna golaý bolan ýerlerde ýaşaýar.

Gamyş pişigi derýalaryň, deňizleriň, kölleriň we beýleki suw aýtymlarynyň kenarýakalarynda gamyşyň we beýleki otlaryň gür ösýän ýerlerinde ýaşamagy halaýar.Açyk giňişliklerde ýaşamakdan gaça durýar.Daglyk ýerlerde ýaşamagy halamaýar, belentlik ýerlerde 800 metrden beýik ýerlere aralaşmaýar.

Gyş we bahar aýlarynda ilatly ýerlere ýakynlaşýar.

Gamyş pişigi guşlar, towşanlar, gemrijiler, ýylanlar bilen iýmitlenýär. Ýylyň dowamynda fewral-mart aýlarynda jübütleşýär. Göwrelilik döwri 66 güne çenli dowam edýär. Maý aýynda 2-den 5-e çenli çaga dogurýar. Täze doglan çaga pişijekler 1,5 ýaşandan soň jyns taýdan ýetişýärler.

Gamyş pişigi dünýäniň birnäçe döwletlerinde sany azalyp barýan we ýitmek howpunda duran görnüş hökmünde Gyzyl kitaba girizilendir.

Oguljennet ÖWEZOWA, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Dalaşgär 2024: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
16.01.2020 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2019-njy ýyl: Ylym we bilim
Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär
14.11.2019 | Türkmenistanda bilim we sport boýunça Halkara sergi we ylmy maslahat geçirilýär
GDA ýurtlarynyň alymlary we oba hojalyk bilermenleri Türkmenistanyň gallaçylyk pudagynda gazananlaryny bellediler