Galyndylaryň öňüni almak özüňize bagly

Häzirki wagtda dünýäde her ýyl 1,3 trillion tonna azyk önümi sarp edilýär.Azyk önümleriniň zaýalanmagy ýa-da azyk galyndylary howanyň üýtgemegine, esasan hem, kömürturşy gazynyň bölünip çykmagyna sebäp bolýar. Şol sebäpli isripçiligiň öňüni almak derwaýys meseleleriň biri bolup durýar.

Bilermenler galyndylaryň öňüni almak baradaky taslamalary orta atyp, şu ýörelgeleri öňe sürýärler.Bu ýörelgeler her bir adamyň ekologiýa abadançylygyna goşant goşmagy hem-de çykdajylaryny azaltmagy üçin möhüm ädimlerdir.

Artykmaç zat satyn almazlyk üçin sanaw düzüň!

Söwda etmäge gitmezden ozal, gerekli zatlaryň sanawyny taýýarlamaly. Bu babatda aşhananyň içine göz gezdirmek zerur bolup, sowadyjyda nämäniň bardygyny ýa-da ýokdugyny anyklamaly. Bazara ýa-da söwda nokatlaryna barlanda sanawdaky gerekli zatlary satyn almaly. Öýüňizde öň hem bar bolan ýa-da zerur bolmadyk iýmit önümlerini satyn almak isripçilige sebäp bolar.

Iýmit önümleriniň ýaramlylyk möhletine üns beriň!

Bilşimiz ýaly, gaplanan azyk önümleri belli bir sene aralykda ulanmaga ýaramly diýen ýazgy bilen ulanyşa goýberilýär. Şol sebäpli gaplanan azyk önümlerini satyn alýan wagtyňyz olaryň ýaramlylyk möhletine üns bermek zerurdyr.

Eger gerekli önümiňiziň ýaramlylyk möhleti ýakynlan bolsa, şol möhlete çenli iýmiti gutaryp biljekdigiňiz barada pikir ediň!Gutaryp bilmerin öýtseňiz satyn almaň!Gury iýmitler, galla we aş önümleri uzak saklamak üçin howpsuz hasaplanýar.

Aşhanadaky azyk önümlerini gündelik gözden geçiriň!

Satyn alnan gök önümleriň zaýalanmazlygy üçin her gün gözden geçirmeli. Azyk önümlerini, esasan hem, gök önümleri terligine az-azdan satyn almaly. Eger-de köp mukdarda alnan ýa-da mellegiňizde ösdürip ýetişdiren bolsaňyz, olaryň uzak saklanmagy üçin amatly şertleri döretmeli. Gök önümleriň gabygy garalyp ýa-da ýygrylyp ugran bolsa, olary soňa goýmaly däl.

Saklanyşyna üns beriň!

Käbir iýmitleri sowadyjyda, käbirlerini bolsa otag şertinde saklap bolýar. Şol sebäpli satyn alnan iýmitleriň saklanyş ýagdaýyny bilmek zerurdyr. Şeýlelikde, siz azyk önümlerini galyndysyz ulanyp bilersiňiz.

Galan naharlary doňduryp goýuň!

Maşgala agzalaryňyzyň iýip biljek naharyny taýýarlaň hem-de ony her kime aýratynlykda hödürläň! Şeýlelikde, tabakda artykmaç naharyň galmagynyň öňüni alarsyňyz. Eger-de tagam köp mukdarda taýýarlanan bolsa, galanyny sowadyjyda doňduryp goýuň!

Iýip bilmejegiňizi paýlaşyň!

Öýde ýa-da köpçülikleýin naharlananyňyzda iýip bilmejek bölegiňizi ýakynlaryňyz bilen paýlaşyň! Dostlaryňyzy agşamlyk naharyna çagyryň we bilelikde iýiň! Bu isripçiligiň öňüni almak, şeýle hem jemgyýetçilik gatnaşyklaryny berkitmek üçin iň gowy usullaryň biridir.

Islendik zadyň, şol sanda iýmit önümleriniň diňe geregini satyn almak siziň maşgala çykdajylaryňyz üçin hem zerurdyr. Galyndylaryň öňüni almak arkaly hojalygyňyzyň maddy çykdajylaryny azaldyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

CZN Burak: Aşgabatda myhmanlarymyza aňrybaş tagamlar we özboluşly şüweleňler garaşýar’
ARASSAÇYLYK SAGLYKDYR
Türk Aşhanasy Londonda Tanyşdyryldy
Arassaçylyk düzgünlerini berjaý edeliň!
RUHUBELENTLIGIŇ GÖZBAŞY
Tebigy serişde tämiz öý