Galtaşyksyz töleg tehnologiýasy

Bank ulgamynda ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalar häzirki zaman bankynyň keşbiniň emele gelmegine, bank hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga hem-de raýatlaryň talaplaryny kanagatlandyrmaga oňyn şert döredýär.Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynyň, Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynyň, Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň çäklerinde ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan sanly ykdysadyýeti tapgyrlaýyn durmuşa ornaşdyrmak, milli ykdysadyýetimizi düýpli ösdürmek, ilata hödürlenilýän bank hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak, gerimini has-da giňeltmek boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019-2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyna laýyklykda bank ulgamynda ýerine ýetirilmeli işleriň arasynda bank kart ulgamyň programma üpjünçiliklerini kämilleşdirmek, galtaşyksyz töleg tehnologiýasyny hem-de QR kod tehnologiýasyny işe goýbermek üçin programma üpjünçilik enjamlaryny satyn almak we ornaşdyrmak ugry hem kesgitlenen.

Galtaşyksyz töleg ulgamy degişli bank kartlarynyň ýa-da ykjam telefonlaryň tölegi kabul ediji enjamyň (töleg terminalynyň, “QR kod” okaýjynyň) golaýyna tutulyp galtaşdyrylmazdan, bir basyş arkaly PIN-kody girizmezden haryt we hyzmatlar üçin ýerine ýetirilýän tölegiň görnüşi hasaplanylýar.

Häzirki wagtda galtaşyksyz tölegler “RFID” we “NFC” tehnologiýalary arkaly işleýär. RFID iňlis dilindäki “Radio Frequency Identification” adalgasynyň gysgaltmasy bolup, enjamlaryň radio tolkunlaryň üsti bilen ýerine ýetirilmegine (işlemegine) düşünilýär. RFID tehnologiýasynda okaýjy we maglumat saklaýjy enjamlar (transponder, RFID bellik) ulanylýar.

NFC iňlis dilindäki “Near field communication” adalgasynyň gysgaltmasy bolup, RFID tehnologiýasy esasynda döredilen, “ýakyn aralykdaky galtaşyksyz aragatnaşyk” diýlen manyny berýär. Bu tehnologiýa esasan hem döwrebap ykjam telefonlarynda ulanylýar.

Galtaşyksyz tölegleri ýerine ýetirmek üçin galtaşyksyz işleýän ýörite töleg terminaly hem-de galtaşyksyz töleglere niýetlenen ýörite bank kartlary ýa-da NFC tehnologiýaly mobil programma üpjünçiligi bolan ykjam telefony zerur bolup durýar.

Bank kartlarynda galtaşyksyz töleg tehnologiýasy üçin niýetlenen çip we töleg terminalynyň aragatnaşygyny üpjün etmek üçin kiçiräk “antenna” oturdylýar. Ykjam telefonlaryndan peýdalanylanda bolsa, bank kartynyň maglumatlary töleg programmalaryna (“Internet-bank” programma üpjünçiligi, “Google Wallet”, “Android Pay” we ş.m.) girizilýär we harytlar we hyzmatlar üçin tölegler ykjam telefonyň NFC ulgamynyň üsti bilen ýerine ýetirilýär.

Galtaşyksyz kartlar we NFC tehnologiýaly ykjam telefonlar töleg terminaly bilen 0-10 sm aralyk uzaklykda işleýär. Şol bir wagtyň özünde PIN-kody girizmek hem-de gol çekmek zerurlygy aradan aýrylýar.

Bu görnüşli tölegleriň mukdarynyň çägi emitent-banklar tarapyndan kesgitlenilýär.Daşary ýurt tejribesine görä, agzalan çäklendirmeler her ýurda görä üýtgeýär.Bank kartlary arkaly ýerine ýetirilýän galtaşyksyz töleg mukdarlarynyň bellenen çägi bank kartynyň we bank kartyndaky pul serişdeleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin kesigitlenilýär.

Galtaşyksyz tölegler ilkinji gezek 1995-nji ýylda Günorta Koreýanyň Seul şäherinde ulanylyp başlanylýar. Seulyň awtobus ulaglary birleşigi tarapyndan ýol hyzmatlaryň hasaplaşygy üçin müşderilere “Upass” atly galtaşyksyz kartlary hödürlenýär hem-de 1996-njy ýylda doly işe girizilýär.

1997-nji ýylda “ExxonMobil” kompaniýasy müşderilerine galtaşyksyz tehnologiýasynda işleýän “Speedpass” atly kiçiräk açarjygy hödürleýär. Sürüjiler bank kartlarynyň maglumatlaryny degişli kompaniýa tarapyndan berilýän ýörite “Speedpass” atly kiçiräk açarjyga girizip, ýangyç beketlerinde awtoulaglaryň ýangyjy üçin tölegi ady agzalan açarjygy ýörite enjamyň golaýyna tutup ýerine ýetiripdirler. ExxonMobil” ýaly birnäçe iri kompaniýalar häzirki günde hem şeýle hyzmatlaryny raýatlara hödürleýär.

Ykjam (telefonlar) enjamlar arkaly galtaşyksyz tölegler ilkibaşda tekstler (SMS habarlar) arkaly ýerine ýetirilýär.Galtaşyksyz tölegleriň ýene bir görnüşi “QR kod” tehnologiýasy arkaly ýerine ýetirilýän töleglerdir.Bu tehnologiýanyň üsti bilen tölegler ýörite QR kody, ýagny “dessin tassyklanylýan kody” skanirlemek arkaly ýerine ýetirilýär.

Tölegiň bu görnüşi üçin kameraly ykjam enjamy we skanirlemek üçin programma üpjünçiligi zerur bolup durýar.Bank kartlarynyň maglumaty ykjam enjamdaky programma üpjünçiligine birikdirilýär.

Dünýä tejribesinde galtaşyksyz tölegler esasan hem köp adamly ýerlerde we hyzmatyň tiz talap edilýän ýerlerinde ulanylýar: ulaglarda (awtobus, taksi, otly), dükanlar we bazarlarda, naharhanalarda, ýangyç guýujy beketlerde we ş.m. Bank kartlarynyň beýleki görnüşleri arkaly ýerine ýetirilýän töleglere görä, galtaşyksyz töleg tehnologiýasy ilatyň wagtyny tygşytlaýar, nobatlaryň döremeginiň öňüni alýar we nagt däl hasaplaşyklary netijeli ulanmaga ýeňillik döredýär.

Galtaşyksyz tölegleriň amatly taraplaryna hasaplaşykaryň çalt ýerine ýetirilmegi hem-de wagtyň tygşytlanmagy, bank kartyny ulanmak we ýanyňda saklamak zerurlygynyň aradan aýrylmagy (NFC ulgamyndan peýdalanylanda), ýerine ýetirilýän tölegleriň howpsuz bolmagy, bank kartynyň bankomatda galmak töwekgelçiliginiň aradan aýrylmagy we beýlekileri görkezmek bolar.

Ýokarda agzalan ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, kartyň emitent-banky tarapyndan galtaşyksyz tölegler üçin gündelik çäklendirmeler goýulýar. Mysal üçin, belli mukdara çenli PIN-kody girizmezden we karty (ykjam enjamy) töleg kabul ediji enjama golaýyna tutup tölegi ýerine ýetirip bolýar. Haçan-da töleg mukdary goýlan çaklendirmeden geçse, PIN-koduň girizilmegi talap edilýär.

Häzirki wagtda galtaşyksyz bank kartlary ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan hem dolanyşyga goýberilip başlandy. Mysal hökmünde, “Senagat” we “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banklarynyň bank kartlaryny, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň halkara “Visa”, “Mastercard” bank kartlaryny görkezmek bolar. Bu bank kartlarynyň ählisiniň ýüzünde “galtaşyksyz şekiljigi” ýerleşdirilen. Galtaşyksyz bank kartlaryny ulanyşa goýbermeklik ýurdumyzyň beýleki karz edaralary tarapyndan hem meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň bank ulgamyny has-da ösdürmäge, raýatlara amatly, ýokary hilli we has çalt hyzmat bermäge şert döredýän häzirki zaman bank hyzmatlarynyň döwrebap usullaryny bank ulgamyna ornaşdyrmak boýunça netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.

Bu işleriň ählisi halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek ugrunda uly tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň Döwlet adam üçindir!diýen ynsanperwer ýörelgesiniň durmuşymyzyň ähli ugurlarynda öz beýanyny tapýandygyna şaýatlyk edýär.

Ata Mahmudow, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Bank işlerini awtomatizasiýalaşdyryş müdirliginiň baş hünärmeni

("Türkmenistan" gazeti - 05.05.2020 ý.)

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Gazagystanyň üstaşyr geçiren nebitiniň paýy 842,9 müň tonna ýetdi
2022: Türkmenistanda GDÝMG $936 milliona deň boldy
23.05.2018 | Awazada IX halkara Gaz kongresi açyldy
Awazada IX halkara Gaz kongresi açyldy
Pudaklaýyn forumlar — 2018: ýangyç-energetika toplumynyň gazananlary we geljegi
Kiprde iri gaz ýatagy ýüze çykaryldy