Galmagaly azaldýan ulgam

Koreý kompaniýasy täzeçilligi bilen tapawutlanýan başga tehnologiýalary hem işläp taýýarlaýar. “Genesis GV80” modelinde oturdylan “RANC” atly ulgam galmagaly azaldýar.Ulgam daşardan gelen sesiň güýjüni hasaplap, ulagyň içine howa tolkunlaryny iberýär.

Ulaglar hereket edýän wagtynda hereketlendirijiniň sesinden başga-da, howanyň we ýoluň sürtülmesi zerarly ses çykarýar.Bu ses ulagyň hereketlendirijisiniň sesi az bolsa, has gowy eşidilýär.Emma bu ses köp adamy birahat edýär. Şol sebäpli kompaniýanyň hünärmenleri sürtülme sebäpli döreýän sesi azaltmak üçin bu ulgamy işläp taýýarlapdyrlar.

Ilkinji nobatda, “Audi Q7”, “Mercedes-Benz GLE” we “BMW X5” ýaly ulaglar bilen bäsdeşlik etjek “Genesis GV80” modelinde oturdyljak ulgam sesi 50 göterim azaldýar.

Ýene degişli makalalar

Mercedes-Benz Russiýadaky önümçiligini we awtoulaglaryny getirmegini togtadar
Gibrid ýangyçly “Mercedes-AMG GLE” tanyşdyryldy
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Öňdebaryjy Kroon-Oil motor we transmissiýa ýaglary indi Türkmenistanda
Pariž awtoulag sergisi başlady
Bazarlaryň üýtgemegi Germaniýanyň awtoulag öndürijilerini gysýar
Russiýanyň çägi boýunça agajyň üstaşyr daşalmagyna bildirilýän täze talaplar çap edildi