Gallam bar tyllam bar

Ata-babalarymyz: Gallam bar tyllam bar diýipdir. Şoňa görä-de galla bolçulygy rysgal-berekediň, döwletliligiň nyşany hasaplanýar. Edermen gallaçylarymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde şu ýyl hem ýurdumyzyň welaýatlarynda bugdaýyň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi.

Ýurdumyzda gyzgalaňly oba hojalyk möwsümi bolan galla oragyna taýýarlyk görülýär.Bu möwsümde ýurdumyz boýunça galla kabul ediş bölümleriniň jemi 154-siniň doly taýýar edilmegi üçin degişli çäreler görülýär. Şu ýyl galla oragynda jemi 2 müň 64 sany däne ýygýan kombaýny işletmek meýilleşdirilýär.

Olary mehanizatorlaryň 4 müň 47-si iki çalşykda işleder.Möwsümde işlediljek kombaýnlaryň ýanynda sazlaýjy we abatlaýjy mehaniklerden ybarat bolan 453 topar döredildi.Olar zerur enjamlar, awtoulaglar we beýleki tehnikalar bilen üpjün edildi. Ýygnalan gallany kabul ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara bökdençsiz daşamak üçin awtoulaglaryň 9 müň 817-sini ulanmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalygyny ösdürmäge aýratyn üns bermek bilen, ýylyň-ýylyna dünýäniň iň kämil, kuwwatly tehnikalaryny we enjamlaryny satyn alyp berýär. Gallaçy kärendeçiler suw, dökün bilen bökdençsiz üpjün edilýär. Kärhanalarda öndürilýän dökünler gallaçy we pagtaçy kärendeçilerimiziň döküne bolan zerurlyklaryny doly üpjün edýär. Ýöriteleşdirilen tohumçylyk hojalyklarynda ýerli toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hasylly tohumlar taýýarlanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça oba hojalygynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagy ösüşiň hil taýdan täze derejesine çykdy. Ýurdumyzda tarp ýerler yzygiderli özleşdirilýär, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ekerançylyk meýdanlarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça oňyn çäreler durmuşa geçirilýär.

Obasenagat toplumynyň düzümleriniň hem-de hyzmat edýän pudaklaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, döwrebaplaşdyrylmagyna, elewatorlaryň, gaýtadan işleýän oba hojalyk kärhanalarynyň, mineral dökünleri öndürýän zawodlaryň, suw hojalyk desgalarynyň gurluşygyna uly möçberli maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär. Dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň döwrebap ýokary öndürijilikli tehnikalarynyň yzygiderli satyn alynmagy ak bugdaýyň bol hasylyny almagyň özenidir.

Önümleriň döwlet tarapyndan satyn alynmagy, daýhanlaryň salgytdan boşadylmagy, olara tehniki hyzmat üçin tohum, mineral dökün, ösümlikleriň gorag serişdelerini almagy babatda ýeňillikli şertler döredilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde iri maýa goýum taslamalary amala aşyrylýar.

Umuman, bu işler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde möhüm wezipeleriň üstünlikli çözülmegine mümkinçilik berýär. Oba hojalygyny mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça asyrlaryň dowamynda toplanan tejribe döwrebap tehnologiýalar hem-de ylmyň gazananlary bilen netijeli utgaşdyrylýar.

Ýurdumyzda bugdaýyň ýeterlik öndürilmegi üçin Türkmenistanda bugdaýyň ekin meýdanlarynyň möçberi esasan täze ýerleri özleşdirmegiň we hasyllylygy artdyrmagyň hasabyna artdyryldy, däneçiligi ösdürmekde, esasan bugdaý öndürmekligi artdyrmaklyga uly üns berildi, däneçilik boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barlyp, bugdaýyň ýokary hasylly we oňat hilli görnüşleri önümçilige ornaşdyryldy, bugdaý öndürmeklige eýeçiligiň dürli görnüşleri gatnaşdy, öndüriji bilen döwletiň arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň ulgamy işlenip düzüldi we kämilleşdirildi, bugdaý öndürilişiniň artmagy bilen däne saklanýan, un, çörek we beýleki önümleri öndürýän ugurdaş kärhanalaryň giň toplumy guruldy.

Häzirki wagtda ýurdumyzda bugdaýyň azyk-iýmit bolçulygyny döretmek üçin ýeterlik bolan möçberdäkisi öndürilýär.Döwletimiziň oba hojalygyny hemmetaraplaýyn ösdürmegi berk maksat edinip ileri tutan syýasaty, hormatly Prezidentimiziň daýhanlara yzygiderli goldaw berip durmagy toprakdan önüm öndürijileriň ruhlaryny belende galdyrýar.

Toprakdan, oba hojalyk ekinlerinden bol hasyl alyp, döwlete satýan daýhanlaryň uly topary halal baýamagyň bagtyna eýe boldy.Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen daýhanlaryň bol hasyl almaklary, ýokary netijeleri gazanmaklary üçin kuwwatly traktorlar, oba we suw hojalyk tehnikalary, däne ekijiler, dökün sepiji, derman pürküji enjamlar yzygiderli satyn alnyp berilýär.

Ogulşirin HAÝDAROWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI
SUNGATYŇ YŞGYNDA
Agama“ alpkluby mümkinçiligi çäkli adamlar üçin uýgunlaşdyrylan gaýa çykmak boýunça festiwal gurandy