Gallaçy kärendeçiler, dökün üpjünçiligi bilen bagly aladalaryň arasynda, ekişe taýýarlyk görýär

Gallaçy kärendeçiler, dökün üpjünçiligi bilen bagly aladalaryň arasynda, ekişe taýýarlyk görýär

Gündogar welaýatyň gallaçy kärendeçileri, sebitde mineral dökünleriniň üpjünçiligi bilen bagly dowam edýän aladalaryň arasynda, güýzlük bugdaý ekişine taýýarlyk işlerine badalga berýärler.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy Kerki, Saýat, Dänew we Çärjew etraplaryndan bolan ençeme gallaçylara salgylanyp, ekişe taýýarlyk işleriniň esasan ekin meýdanlaryny mineral dökünleri bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilýändigini habar berýär.

Ýerli daýhanlar şu ýyl dökün üpjünçiliginiň geçen ýyllar bilen deňeşdirilende has-da ýiti duýulýandygyny aýdýarlar.

“Fosfor döküni umuman ýok. Hökümet resmileri döwlet telekanallarynda agyzlaryny dolduryp, Lebap welaýatynda galla meýdanlarynyň her gektaryna 200 kg fosfor döküniniň paýlanyp berlendigini aýdýarlar” diýip, ýerli daýhanlar bu sanlaryň hakykata gabat gelmeýändigini aýtdylar.

Azatlyk Radiosynyň ýerli häkimliklerdäki bir çeşmesi şu ýyl sebitde takmynan 130 müň gektar ekerançylyk meýdanyna bugdaý ekmegiň meýilleşdirilýändigini aýdýar.

Onuň sözlerine görä, ekişe taýýarlyk işleriniň fonunda, welaýatyň daýhan birleşiklerine 27 müň tonna çemesi fosfor döküni paýlanyp berlipdir.

Bu sanlar Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki “Altyn asyr” elektron neşiriniň şu günler sebitde ýaýbaňlandyrylýan ekişe taýýarlyk işleri barada beren habarynda aýdan sanlaryna gabat gelýär.

Döwlet mediasyna görä, welaýatyň ekerançylyk ýerlerini gurplandyrmak maksady bilen, 26 müň 975 tonna fosfor döküni paýlanyp berlipdir.

“Her gektara ortaça 207 kilogramdan gowrak dökün möwsüme taýýar edilipdir” diýip, resmi habarda aýdylýar.

Emma Saýat, Kerki we Dänew etraplaryndan bolan birnäçe daýhan özlerine düzgün boýunça berilmeli mukdardan has az möçberlerde mineral dökünleriniň paýlanyp berlendigini aýdýarlar.

“Hökümet maňa bugdaý ekersiň diýip ýer bölüp berdi welin, her ýyl dökün üpjünçiliginde problema bolýar. Bäş gektar ýer üçin bary-ýogy 570 kg dökün berildi. Daýhan birleşik mundan beýläk dökün berilmez diýip, hem aýtdy” diýip, saýatly daýhan şikaýat bildirýär.

Hödürlenýän resmi sanlar boýunça hasaplanylanda, bäş gektar ýer üçin saýatly daýhana bir tonnadan gowrak dökün berilmeli.

Döwlet mediasy häzirki wagtda taýýarlanylan döküniň eýýäm 50 göterimden gowragynyň ýörite tehnikalaryň kömegi bilen bugdaý ekiljek ýerlere berlendigini aýdýar.

Şeýlelikde, bäş gektar meýdana 570 kg dökün alan daýhan özüne berilmeli döküniň şu wagta çenli ýarysyny alypdyr. Üstesine, daýhan birleşigiň başlyklary oňa mundan beýläk döküniň berilmejekdigini aýdypdyrlar. Bu bolsa kärendeçiniň özüne berilmeli döküniň umumy möçberiniň ýarysy bilen oňmaly boljakdygyny aňladýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy ekerançylyk meýdanlaryna zerur bolan fosfor döküniniň Türkmenabat himiýa zawodynda öndürilýändigini aýdýar. Bu zawodyň önümleri esasan içerki bazara gönükdirilýär.

Gündogar sebitde daýhanlar ozalky ýyllarda hem ekişe taýýarlyk we ideg döwürlerinde dökün ýetmezçiligini başdan geçirdiler.

Azatlyk Radiosynyň habarçylary maýyň başlarynda Lebap welaýatynda ýerli daýhanlaryň Özbegistandan bikanun ýollar bilen getirilen mineral dökünlerini satyn alýandyklaryny habar berdiler. Şonda ýerli kärendeçileriň Özbegistandan kontrabanda ýoly bilen getirilýän azot döküniniň tonnasyna takmynan 2700-3000 manat töleg töleýändikleri mälim bolupdy.

Şonda hem kärendeçi daýhanlar hökümetiň dökün üpjünçiligini azaldandygyny aýdypdylar.

Türkmenistanda daýhanlar özlerine bölünip berlen kärende ýerlerinde, döwlet bilen şertnama esasynda, oba hojalyk ekinlerini ekip, hasyly döwlet harmanyna tabşyrmaga borçlanýarlar. Şeýle şertnamalarda döwlet kärendeçi daýhanlary dökün we tehnikalar bilen ýeňillikli üpjün etmegi öz üstüne alýar.

Üç ýyl çemesi ozal, 2021-nji ýylyň bahar aýlarynda Türkmenistanda mineral dökünleriniň bahalary birden alty-sekiz esse töweregi ýokarlandy. Şonda bir tonna fosforyň bahasy 255 manatdan 2 müň manada çykdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmen daýhanlary pagta ekmek üçin sanly tehnologiýalary işjeň ulanýarlar
Milli howpsuzlyk işgärleri pagta meýdanlaryna gözegçilik edýärler
Lebapda benzin her bir ulaga 10 litr möçberinde, çäklendirilen görnüşde satylyp başlandy
Türkmen mekdeplerinde 'baha düzediş' möwsümi başlandy
Türkmenistan ýeralma we sogan önümçiligini giňeldýär
Lebabyň hassahanalaryndaky şertler näsaglary alada goýýar