Milli Goranmak ministri Hulusi Akar, Ukrainanyň Odessa portundan galla ýüklenen gämileriň çykmaga dowam etjekdigini aýtdy.
Anadoly Habarlar gullugyna beýannama beren Hulusi Akar, galla ýüklenen ilkinji gäminiň Odessa portundan ugramagy hakynda maglumat berdi.
Akar “Galla ýüklenen gämiler Odessa portundan çykmaga dowam eder” diýdi.
Akar “Odessadan ugran ilkinji gämi ertir Türkiýe wagty bilen 15.00 töweregi Bosfor bogazyna geler. Bilelikdäki utgaşdyryjy merkeziň agzalary gäminiň ýüküni gözden geçirer. Stambula geljek her bir gämi gözegçilikden geçirlenden soň ýoluna dowam eder” diýdi.