Galla Ylalaşygynyň Möhlediniň Uzadylmagy Gaty Kyn

Galla Ylalaşygynyň Möhlediniň Uzadylmagy Gaty Kyn

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, galla geçelgesi ylalaşygynyň Russiýany gyzyklandyrýan böleginiň iş ýüzüne geçirilmändigi sebäpli ylalaşygyň möhlediniň uzadylmagynyň gaty kyndygyny aýtdy.

Peskow, paýtagt Moskwada beren beýannamasynda, Türkiýäniň, Ukrainanyň, Russiýanyň we BMG-nyň arasynda 22-nji iýulda Stambulda gazanylan galla ylalaşygynyň möhlediniň uzadylyp uzadylmajakdygy barada durup geçdi.

Peskow, ady agzalýan ylalaşygyň rus oba hojalyk önümleri we döküni bilen arabaglanşykly böleginiň iş ýüzüne geçirilmändigini nygtady.

Peskow, “Ylalaşyk 60 gün möhlet bilen uzadyldy. Sebäbi şol ylalaşygyň bir bölegi iş ýüzüne geçirilmedi we geçirilmeýär. BMG-nyň wekilleriniň bu meselede tagalla edýändiklerini bilýäris, emma ylalaşygyň ikinji bölegi iş ýüzüne geçirilmedi. Şol sebäpli hem ylalaşygyň möhlediniň uzadylmagy meselesi gaty kyn” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Tramp, Zelenskiý we Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Putin Tramp Bilen Duşuşmaga Taýar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kreml: "Kiýewiň gepleşikler bilen bagly beýanatlarynda anyk zat ýok" diýdi
Russiýa Liwandaky Raýatlaryna Ýurdy Terk Etmeklerini Maslahat Berdi
Kremlde Putiniň doglan gününi nähili geçirjekdigini gürrüň berdiler
Russiýa Pitiniň Tramp bilen telefon arkaly söhbetdeş bolmandygyny aýtdy