Türkmenistanyň gallaçylary gyzgalaňly döwri başdan geçirýärler. Ýurdumyzda güýzlük bugdaý oragynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Şu ýyl döwlet tabşyrygyna laýyklykda, ekerançylarymyzyň öňünde 1 million 600 müň tonna bugdaý taýýarlamak wezipesi durýar. Bu sepgide ýetmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmekde ýene-de bir möhüm ädimdir.
Ýurdumyzyň iri galla mekany bolan Ahal welaýatynda bugdaý oragy gije-gündiz bökdençsiz dowam edýär. Şu möwsümde Baharly, Gökdepe, Ak bugdaý, Kaka, Tejen, Babadaýhan we Sarahs etraplarynyň kärendeçi-gallaçylary bugdaýyň “Sähraýy”, “Bitarap”, “Akbaş”, “Ýolöten-1”, “Ýolöten-3”, “Miras”, “Batko”, “Irişka”, “Ýubileýnaýa-100” we beýleki hasylly görnüşleri ekilen 209 müň gektardan 450 müň tonna ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar.
Welaýatda galla oragyny gysga möhletde ýitgisiz geçirmek üçin zerur guramaçylyk çäreleri görüldi. Tutuşlygyna alanyňda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň “John Deere International GmbH” (Şweýsariýa) hem-de “Umaх Trade GmbH” (Germaniýa) kompaniýalary bilen baglaşan şertnamasyna laýyklykda, ýurdumyza gelip gowşan “John Deere W540” we “TUCANO 430” (“CLASS”) kysymly däne orýan kombaýnlarynyň 450-si ekin meýdanlarynda işledilýär.
Bu döwrebap tehnika döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talap edişi ýaly, ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda, eýýäm barlagdan we meýdan synagyndan üstünlikli geçdi. Elektronika arkaly doly gözegçilik edilýän täze maşynlar ýokary öndürijiligi hem-de dolandyrylyşynyň ýönekeýligi bilen tapawutlanýar. Mehanizatorlar üçin amatly şertler döredilen kabinanyň içindäki monitorda ýygnanan hasylyň mukdary we hili hem-de beýleki ölçegleri görnüp dur.
Bugdaý oragyna ulaglar hem degişli derejede taýýarlanyldy.Täze hasylyň dänesini daşamak işinde ulanylýan ýük awtomobilleriniň 2725-siniň nowalary hasyly ýitgisiz daşamak üçin ykjam bejerildi.Kebşirleýjiler, mehanikler, şeýle hem zerur enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary we beýleki enjamlar bilen üpjün edilen göçme abatlaýyş toparlarynyň 139-sy döredildi.
Mundan başga-da, möwsümde tehniki kömek beriji awtoulaglaryň 60-sy, maşynlary ýangyç-çalgy serişdeleri bilen üpjün etmek üçin benzin daşaýan ulaglaryň 85-si bar.
Welaýatda kabul ediş bölümleriniň 45-si gije-gündiz işleýär. Şolaryň her birinde hereket edýän barlaghanalarda “Türkmenstandartlary” Baş döwlet gullugynyň hünärmenleri tabşyrylýan bugdaýyň hilini kesgitleýärler. Ahalda bugdaýyň täze hasylyny kabul etmäge elewatorlar we un kärhanalary hem taýýar edildi. Ekerançylar bilen alnyp barylmaly hasaplaşyklar “Daýhanbank” döwlet täjirçilik bankynyň ýerli bölümleriniň üsti bilen öz wagtynda amala aşyrylýar.
Daýhanlaryň salgytlardan boşadylmagy, olara ýeňillikli bank karzlarynyň berilmegi, ekerançylaryň täze kuwwatly tehnikalar bilen yzygiderli üpjün edilmegi, oba hojalyk önümlerini öndürijiler bilen özara hasaplaşyklaryň wagtynda geçirilmegi, olara tehniki hyzmatyň, tohumyň, mineral döküniň, ekinleriň zyýankeşlerine garşy göreşmek üçin himiki serişdeleriň ýeňillikli şertlerde berilmegi, tarp ýerleriň özleşdirilmegi we dolanyşyga girizilmegi babatda döredilen şertler gallaçylaryň bol hasyl ýetişdirmegine ýardam berýär.
Döredijilik toparlarynyň ekin meýdanlarynda guraýan belent ruhly aýdym-sazly çykyşlary gallaçylaryň zähmete bolan höwesini has-da artdyrýar.
Azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzy däne we çörek önümleri bilen doly üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oba syýasatynyň möhüm ugrudyr.Türkmen gallaçylarynyň 2018-nji ýylyň bugdaý oragynda şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmegi üçin ähli zerur mümkinçilikler — maddy höweslendirmek, tehnika bilen ýeterlik üpjünçilik iň esasysy bolsa, hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ak bugdaýly atyzlarda ýetişdirilen bereketli hasyl bar.
Indi edermen gallaçylarymyza diňe bugdaýy gysga möhletde ýitgisiz ýygnamak hem-de dänäni harmanhana eltmek galýar.