Galla oragyna girişildi

2-nji iýunda ýurdumyzda galla oragyna badalga berildi.Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 26-njy maýda geçirilen mejlisinde möhüm oba hojalyk möwsümine başlamaga ak pata berip, daýhanlara ýurdumyzyň galla meýdanlarynda täze zähmet üstünliklerini arzuw etdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynyň gallaçylary galla oragyna girişdiler. 9-njy iýundan bolsa bu asylly işe Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem girişerler.

Asylly däbe görä, ýerlerde il sylagly ýaşulular Watanymyzyň gülläp ösmegi we halkymyzyň bagtyýarlygy üçin Beýik Biribardan dileg edip, “Çäjiňe bereket!” sözleri bilen ilkinji bugdaý desselerini orup, kombaýnçylaryň işe girişmeklerine ak pata berdiler.

Bu ýyl türkmen gallaçylaryna bölünip berlen 690 müň gektar ýerden bugdaý hasylynyň 1 million 400 müň tonnasyny, şol sanda Ahal welaýatynda 400 müň tonna, Mary welaýatynda 345 müň tonna, Lebap welaýatynda 310 müň tonna, Daşoguz welaýatynda 265 müň tonna, Balkan welaýatynda hem 80 müň tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Oba hojalyk ýerleriniň esasy bölegine bugdaýyň ýokary hasylly “Sähraýy”, “Ýolöten — 3”, “Juwan”, “Ýolöten — 1”, “Miras”, “Berkarar”, “Garaşsyzlyk” we “Bitarap” görnüşleri ekildi.Galla oragy möwsüminde ulanyljak bugdaý ýygyjy kombaýnlar, ýokary öndürijilikli tehnikalar gije-gündiziň dowamynda iki çalşykda işledilip, ösdürilip ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamak işinde daýhanlara ýardam bererler.

Şeýle hem galla oragy möwsüminde göçme mehaniki-abatlaýyş toparlarynyň ýüzlerçesi gije-gündizde galla orujylaryň tehnikalary üçin zerur bolan ýangyç, çalgy ýaglary, ätiýaçlyk şaýlary we hyzmatlar bilen üpjün ederler.Galla oragyna gatnaşyjy mehanizatorlar, sürüjiler, beýleki işgärler üçin meýdan düşelgelerinde zerur bolan durmuş şertleri üpjün edilip, bu ýerlerde sungat ussatlarynyň çykyşlary we göçme söwda nokatlary hem guralar.

Bugdaý hasylyny kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara daşamak işini ýük ulaglary üpjün ederler.Galla oragy möwsümi üçin barlaghanalar taýýarlanylyp, olarda “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň hünärmenleri gelip gowuşýan gallanyň hilini anyklarlar.

Galla oragynyň başlanmagy mynasybetli Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, welaýat we etrap häkimlikleriniň, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň wekilleriniň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylarynyň, tejribeli agronomlaryň, mehanizatorlaryň, gallaçy kärendeçileriň we il sylagly ýaşulularyň gatnaşmaklarynda welaýatlarda önümçilik-okuw maslahatlary geçirildi.

Şeýle-de dabaralarda dürli oba hojalyk önümlerini, çörek önümlerini we döwrebap oba hojalyk tehnikalaryny özünde jemleýän sergiler guraldy. Welaýatlaryň aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.

Ýene degişli makalalar

Daşoguzly ekerançylar bugdaýyň ýokary hasyl berýän sortlaryny ekýärler
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi: 690 müň gektara bugdaý ekiler
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine girişildi
Türkmenistanyň 3 welaýatynda galla oragyna girişildi
Türkmenistanda güýzlük bugdaý ekişine badalga berildi
06.06.2018 | Türkmenistanda galla oragy badalga aldy