Galla oragy möwsüminde 2 müň 64 sany däne ýygýan kombaýn işlediler

13-nji maýda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy we galla oragyna toplumlaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Galla oragy möwsüminde ýygnalan hasylyň ýurdumyz boýunça galla kabul ediş bölümleriniň jemi 154-sinde doly taýýar edilmegi üçin degişli çäreler görülýär. Şu ýyl galla oragy möwsüminde ýurdumyz boýunça jemi 2 müň 64 sany däne ýygýan kombaýnlary işletmek meýilleşdirilýär.

Olary mehanizatorlaryň 4 müň 47-si iki çalşykda işleder.Möwsümde işlediljek kombaýnlaryň ýanynda sazlaýjy we abatlaýjy mehaniklerden ybarat bolan 453 topar döredildi.Olar zerur enjamlar, awtoulaglar we beýleki tehnikalar bilen üpjün edildi. Ýygnalan gallany kabul ediş bölümlerine, elewatorlara we ammarlara bökdençsiz daşamak üçin awtoulaglaryň 9 müň 817-sini ulanmak meýilleşdirilýär.

Meýdan düşelgelerinde gallaçylaryň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli şertler döredilýär, göçme söwdalar guralar.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasyny hödürledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda 2022-nji ýylyň galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça çäreler hakynda Karara gol çekdi we ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýetip gelýän galla oragy möwsümine ünsi çekdi we birnäçe tabşyryklary berdi. Ýetişdirilen galla hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin ähli zerur guramaçylyk çärelerini geçirip, işleriň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek barada görkezmeler berildi. Döwlet Baştutanymyz kombaýnlary orak möwsümine doly taýýar edip, olaryň öndürijilikli we bökdençsiz işledilmegini gazanmagyň wajypdygyny nygtady.

Galla kabul ediş nokatlaryny möwsüme doly taýýarlap, hasylyň bökdençsiz kabul edilmegini üpjün etmek, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy eýeçilikdäki awtoulag serişdelerini peýdalanmak üçin şertnamalary baglaşmak arkaly galla hasylynyň kabul ediş nokatlaryna, ammarlara, elewatorlara wagtynda hem-de ýitgisiz daşalmagyny üpjün etmek wajypdyr.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryna ýetişdirilen galla hasylynyň ýitgisiz ýygnalyp alnyşyna, daşalyşyna we kabul ediş nokatlaryna tabşyrylyşyna gözegçilik etmegi hem-de degişli ýardamy bermek üçin welaýatlara iş saparlaryna gidip, galla oragynyň üstünde bolmagy tabşyrdy.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SANLY ULGAM ARKALY IŞ MASLAHATYNY GEÇIRDI
Serdar Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleri bilen iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Asman giňişliginde Gün energiýasyny ýygnar
Samsung täze eplenýän smartfon oýlap tapdy
Daşoguzly telekeçi zenan 434 gektar ýerden 8 müň tonna golaý ýeralma aldy