Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Aragatnaşyk Ulgamy Döredildi

Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Aragatnaşyk Ulgamy Döredildi

Milli Goranmak ministrligi, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli emele gelen galla krizisiniň çözülmegi üçin “aragatnaşyk ulgamyny” döretdi.

Galla ýüklenen gämileriň Ukrainanyň portlaryndan çykarylmandygy sebäpli dünýäde galla ýetmezçiligi başdan geçirilýär.

Portlaryň daş-töweregine mina ornaşdyrylmagy we çaknyşyklar, meseläniň çözülmegini has-da kynlaşdyrýar.

Prezident R. T. Erdogan galla krizisiniň çözülmegi üçin diplomatiýa taýdan tagalla edýär.

Beýleki tarapdan Milli Goranmak ministrligi hem bu meselede herekete geçdi.

Milli Goranmak ministri Hulusi Akar geçen hepde russiýaly we ukrainaly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Akar ilki Russiýanyň Goranmak ministri Sergeý Şoýgu, soň bolsa Ukrainanyň Goranmak ministri Oleksii Reznikow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.

Akar kärdeşleri bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde hüjümleriň gyssagly bes edilmeginiň ähmiýetine ünsi çekdi.

Akar kärdeşleri bilen Ukrainanyň portlarynda garaşýan galla ýüklenen gämiler hakynda hem pikir alyşdy.

Galla ýetmezçiliginiň birnäçe ýurda ýaramaz täsirini ýetirýändigi bellenildi we meseläniň çözülmegi üçin işe girişildi.

Akaryň ýolbaşçylygynda mesele bilen ýakyndan gyzyklanmak we galla krizisiniň çözülmegi üçin üç ýurduň goranmak ministrliginiň wekillerinden ybarat “aragatnaşyk ulgamy” döredildi.

Generallar derejesinde döredilen ulgam meseläniň çözülmegi üçin Türkiýe bilen gönüden aragatnaşyk saklaýar.

Milli Goranmak ministri Akar, mesele hakynda beren beýannamasynda galla krizisiniň gysga wagtda çözülmegini isleýändiklerini belledi.

Ýene degişli makalalar

Dünýäniň ünsi ýene-de bir gezek Türkiýä gönükdi
Bu krizisiň ady wyjdan krizisi"
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Eýranda Sil Sebäpli 18 Adam Pida Boldy
Galla Krizisi Çözülýär
ABŞ, Prezident Erdoganyň Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Edýän Tagallasyndan Hoşal
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny