
Ukrainadaky gallanyň daşalmagy üçin şu gün Stambul şäherinde Prezident R. T. Erdoganyň, Ukrainanyň we Russiýanyň wekiliýeti bilen BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň gatnaşmagynda şertnama baglaşylar.
Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasyndan berlen beýannama görä, şertnama Türkiýe wagty bilen 16.30-da Stambul şäherinde gol çekişiler.
Stambul birnäçe wagtdan bäri, Russiýanyň, Ukrainanyň we BMG-nyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda, Russiýa bilen söweşiň başlan güni bolan 24-nji fewraldan bäri Ukrainanyň portlarynda garaşýan gallanyň halkara bazarlaryna ýetirilmegini maksat edinýän gepkleşiklere ýer eýeçiligini edýärdi.