“Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň ýedi tapgyrynyň durmuşa geçirilmegi bilen bu ýerde her ýyl tebigy gazyň çykarylyşy takmynan 200 milliard kub metre ýeter. Bu barada “Neýtralnyý Türkmenistan” gazetiniň sişenbe güni çap edilen sanynda habar berilýär.
Gaz känini özleşdirmegiň birinji tapgyrynda "Türkmengaz" döwlet konserni daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen bilelikde ýylda 30 milliard kub metr harytlyk gazy çykarmak kuwwaty bolan 22 sany guýy we iki sany gaýtadan işleýän toplum gurdy.
Häzirki wagtda ýatakda 45 guýy bolup, olaryň hersiniň ortaça debiti günde 2 million kub metr gaz bolup durýar.
“Galkynyş” käniniň tebigy gaz gorlary “Ýaşlar” we “Garaköl” ýataklary bilen birlikde 27 trillion kub metr möçberinde diýlip hasaplanýar.
“СNPС Сhuanqing Drilling Engineering Сompany Limited” (Hytaý) kompaniýasynyň hünärmenleri tarapyndan “Galkynyş” gaz käninde üç sany gaz guýusynyň gurluşygy tamamlanyldy we ulanylyşa berildi. Bu guýularyň özboluşly konstruksiýasy we dogry ýerleşdirilmegi netijesinde olaryň her biriniň taslama kuwwaty bir günde ortaça 3 million kub metr gaza ýetdi.
“Galkynyş” gaz käniniň 271-nji täze guýusynda ýakynda 4 müň 665 metr çuňlukda buraw işleri geçirilip, bu ýerden senagat gaz akymy alyndy.