
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Galkan hokkeý topary Aşgabat şäherinde geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryşa üstünlikli girişdi. Türkmenistanyň dokuz gezek çempiony bolan topar ilkinji duşuşygynda Bahreýniň adybir hokkeý toparyny 8:1 hasabynda ýeňdi.
Duşuşykda Galkanyň şaýbalaryny Nowruz Baýhanow, Pawel Barkowskiý, Aleksandr Wahowskiý, Begenç Döwletmyradow, Arslan Geldimyradow, Döwlet Hydyrow, Arslan Nuryýew we Baýmyrat Baýmyradow dagylar geçirdi.
Galkan A toparçada ýaryşýar. Bu toparçada Galkan bilen Bahreýnden başga-da, Özbegistanyň Feniks, Omanyň Oman Nationals we Eýranyň Ice Box toparlary hem bar.