Galkan halkara hokkeý ýaryşynyň üçünji tapgyrynda Eýranyň toparyny uly hasapda ýeňdi

Galkan halkara hokkeý ýaryşynyň üçünji tapgyrynda Eýranyň toparyny uly hasapda ýeňdi

Galkan hokkeý kluby Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşynyň üçünji tapgyrynda hem uly hasapda ýeňiş gazandy. Andreý Makarowyň we Meýlis Kulyýewiň şägirtleri Eýranyň Ice Box toparyny 13:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Bu Galkanyň bassyr üçünji uly hasapdakuy ýeňşidir. Türkmen topary birinji tapgyrda Bahreýniň adybir toparyny 8:1 hasabynda ýeňen bolsa, ikinji tapgyrda Oman Nations klubuny 15:1 hasabynda utdy.

Bu ýeňişden soňra Galkan utuklarynyň sanyny 9-a ýetirip, A toparçada liderligini dowam etdirýär.

Galkan indiki oýnuny ertir Özbegistanyň Feniks topary bilen geçirer. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen sagat 10:00-da başlanar.

4-nji tapgyryň oýunlarynyň tertibi:

18-nji aprel, 4-nji tapgyr

А toparça

10:00 Galkan (Türkmenistan) Feniks (Özbegistan) 13:00 Oman Khanjars (Oman) Ice Box (Eýran)

В toparça

10:00 Wolat (Belarus) Orhis-Kazan (Russiýa) 13:00 Team Türkiye (Türkiýe) Dordoý (Gyrgyzystan)

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Hokkeý toparlarynyň kapitanlary Türkmenistanyň Prezidentini gutladylar
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Atekäýew ― iň gowusy
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: bäşinji günüň netijeleri
Özbegistanly hokkeýçi Aşgabatdaky halkara ýaryşyň netijeli oýunçylarynyň başyny çekýär
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: Galkanyň finaldaky garşydaşy belli boldy