Aşgabatda geçirilen hokkeý boýunça halkara ýaryş Galkanyň ýeňşi bilen tamamlandy. Bir hepde dowam eden ýaryşyň oýunlary Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirildi.
Final oýnunda Galkanyň oýunçylary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ADIHIC-Kazan toparyny ýeňlişe sezewar edip, altyn medala eýe çykdylar. Oýun 4:2 hasabynda türkmen toparynyň peýdasyna tamamlandy.
Ýaryşyň ýapylyş dabarasynda Galkanyň oýunçylaryna Kubok we altyn medallar gowşuryldy. ADIHIC-Kazan (RF, Tatarystan Respublikasy) we Wolat (Belarus) toparlarynyň oýunçylary bolsa degişliliikde, kümüş we bürünç medallar bilen sylaglandylar.
Şeýle-de ýaryşyň eminlerine we şowly çykyş eden oýunçylara ýörite baýraklar gowşuryldy. Has takygy, Ýaroslaw Lagun (Wolat) iň gowy derwezeçi, Musa Annasaparow (Galkan) iň gowy goragçy hem-de Aýdar Miftahow (ADIHIC-Kazan) iň gowy hüjümçi diýlip ykrar edildi.
Hokkeý boýunça halkara ýaryş 15 20-nj aprel aralygynda Gyşky oýunlar sport toplumynyň iki sany buz meýdançasynda bolup geçdi. Oňa Bahreýnden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Omandan, Russiýadan, Özbegistandan, Türkiýeden hem-de Türkmenistandan toparlar gatnaşdylar.