Eýranyň parlament başlygy üç Ýewropa ýurdunyň "Sanksiýalary ýok etmek üçin strategiki hereket" kanuny baradaky sözlerini tankytlady we şeýle diýdi: Ýewropalylaryň Eýran döwletinden sanksiýalardan boýun gaçyrmagyny talap etmegi geň galdyryjy ädimdir diýdi.
ýadro ylalaşygyň üç Ýewropaly agzasy bolýan we Ýewropa Troikasyny ybaratlaýan (Angliýa, Germaniýa we Fransiýa) düýn (duşenbe) şertnama boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirmekdäki kemçiliklerini agzamazdan beýanat ýaýratdy we "Sanksiýalary ýatyrmak we Eýran halkynyň hukuklaryny goramak boýunça strategiki çäre" aladasyny bildirmek bilen Eýran diplomatiýany saklamaga çynlakaý çemeleşýän bolsa, bu kararlary durmuşa geçirmeli däldir diýdi.
Eýranyň Yslam şura mejlisiniň başlygy Muhammet Bager Galibaf sişenbe güni Italiýanyň Tährandaky ilçisi Juzeppe Perrone bilen duşuşanda Ýewropa ýurtlarynyň üçüsiniň beýanyna salgylanyp, demokratiýany we kanuny borçnamalary nygtaýan bu ýurtlaryň masgaraçylykly we geň bir işi edendigini aýtdy.
Galibaf, Italiýanyň beýleki üç ýurduň Ýewropanyň adyndan çykyş etmegine ýol bermeli däldigini aýtmak bilen "sanksiýalary ýatyrmak üçin strategiki çäre" baradaky kanunyň ýadro ylalaşygyndan çykmak üçin däldigini,eýsem has dogrusy,şertnamanyň 36-njy we 37-nji maddalaryna laýyklykda, beýleki ýurtlar öz borçlaryny ýerine ýetirmeseler, beýleki tarapyň borçlaryny azaltmagyna rugsat berýändigini aýtdy.
Juzeppe Perone, Eýran bilen Italiýanyň arasyndaky gatnaşyklar barada durup geçip, bu ýurduň mejlisiniň başlygynyň Eýranyň parlament başlygyna iberen hatyndan habar berdi we şeýle diýdi: “Italiýa Tähran bilen Rimiň arasyndaky söwda mukdaryny artdyrmak üçin berk yrada gulluk edýändir diýdi.