Gaitide ýaragly toparyň guran hüjüminde 20 adam ýogaldy

Gaitide ýaragly toparyň guran hüjüminde 20 adam ýogaldy

Ýerli metbugatda berilen habara görä, ýurduň paýtagty Port-o-Prens şäherindäki ABŞ-nyň ilçihanasyna birnäçe kilometr uzaklykda, öýlerde reýd geçiren ýaragly toparyň agzalary 20 adamy öldürdiler.

Ýurtdaky Adam hukuklary gorag milli tory (RNDDH), hüjümiň jogapkärçiliginiň "Vitel'Homme Innocent" atly ýaragly topara degişlidigini beýan etdi.

RNDDH tarapyndan berilen beýanata görä bu hüjüm Gaitiniň polisiýa gullugynyň geçiren operasiýasyna jogap hökmünde ýerine ýetirildi.

Soňky wagtlarda Gaitiniň Milli polisiýa gullugy bilen Gaitide howpsuzlygy üpjün edýän köp milletli güýç tarapyndan geçirilen operasiýalarda ýaragly guramanyň köp sanda agzasy öldürildi.

Ýene degişli makalalar

“Lasionyň”, “Lionyň”, “Tottenhamyň” 2-nji ýeňşi, “M. Ýunaýted” ýene-de ýeňip bilmedi
UEFA Çempionlar Ligasynyň täze formaty şowly başlady (makala)
“Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleriniň sany 25-e düşürildi
FIFA Klublar Dünýä Kubogy 2025-iň bijeleri çekildi
Dünýä Kubogynyň bijeleri 5-nji dekabrda çekiler
“Lasionyň” 4-nji, “Galatasaraýyň” 3-nji, “Mançester Ýunaýtediň” 1-nji ýeňşi