Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Bagtyýarlyk etrap häkimligi hem-de Türkmenistanyň Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Bagtyýarlyk etrap geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary ýolumyza şamçyrag ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren eserleri halkymyzyň ýan kitaplaryna öwrülendigi, ol kitaplaryň many-mazmuny, terbiýeçilik ähmiýeti, durmuşyň gözelligi, zeminiň abadançylygy, ýaşaýşyň giň mazmuny, ylym-bilimiň ähmiýeti, sagdyn ýaşaýyşyň ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, dost-dogan gatnaşyklary, halallykdan sapak edinmek, ýagşylyk ýaly türkmen halkyna mahsus bolan asylly häsiýetler jemlenendigi barada söhbet etdiler.
Mundan başga-da ajaýyp eserlerde beýan edilýän rowaýatlardyr-tymsallar ýaş nesilleri terbiýelemekde ýol-ýörelge bolup durýandygy hakynda gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.