Ýakynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Gahrymany diýen belent at dakyldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny dowam etdirýän hormatly Prezidentimize berlen bu ýokary sylag ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň, durmuş hem-de ynsanperwer ugurly syýasatlarynyň dünýä jemgyýetçiliginde hem-de ýurdumyzda uly goldawa eýe bolýandygynyň nobatdaky subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ykdysadyýetde, söwdada, oba hojalygynda, ylym-bilim pudagynda uly ösüşler gazanylýar. Muny Halk Maslahatynyň mejlisinde
hormatly Prezidentimiziň eden taryhy çykyşyndaky sanlar hem-de makroykdysady görkezijiler hem aýdyňlygy bilen subut edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň obadyr şäherleri düýpgöter özgerdi. Täze obalaryň, şäherleriň, şäherçeleriň gurluşygy üçin uly maýa goýumlar goýulýar.
Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak ugrunda alnyp barylýan yzygiderli işleriň netijesinde, şu ýylyň başyndan bäri jemi içerki önümiň ösüşi 6,2 göterim derejede durnukly saklanýar. Şu ýyl önümçilik we medeni-durmuş ulgamlaryna jemi 37 milliard 400 million manat möçberinde maýa goýumlary goýmak göz öňünde tutulýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek ugrunda degişli işler geçirilýär. Senagat we innowasiýa ugurly önümçilikleriň gurluşygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, ýurdumyzyň döwlet býujetinden bilimi, saglygy goraýşy, medeniýeti ösdürmäge, durmuş üpjünçiligine, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, döwlet hyzmatlaryna, önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşygyna köp möçberde serişdeleri gönükdirildi.
Bu serişdelerden önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna maýa goýumlaryň umumy möçberiniň 56 göterimi, medeni-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy üçin hem 44 göterimi goýberildi. Şu ýyl göz öňünde tutulan 2 müň 688 iş ornunyň ýerine 7 müň 607 täze iş ýeri döredildi.
Ulag ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän ýurdumyzda ulag pudagynyň kuwwatyny has-da belende galdyrmak ugrunda köp möçberde serişdeler gönükdirilýär.Muňa mysal edip, Türkmenbaşy-Farap we Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýollarynyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynda bahasy 545 million 55 müň manada deň bolan düýpli maýa goýumlaryň özleşdirilýändigini bellemek bolar.
Bu ugurdaky netijeli işleriň saýasynda ýakyn onýyllyklarda Türkmenistan Ýewraziýada ulag we energetika ulgamlarynyň geçýän esasy ýurtlarynyň birine öwrüler.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumy çalt depginler bilen ösýär. Şu ýyl pudakda 1 milliard 600 million manat möçberinde düýpli maýa goýumlar özleşdiriler.Häzirki döwürde ähli hojalyklarda gara mallaryň baş sany 2 million 530 müňe, dowarlaryň sany 20 million 88 müňe, guşlaryň sany 21 million 957 müňe, düýeleriň sany hem 141 müňe ýetirildi.
Bu görkezijiler ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, halkyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak ugrunda edilýän tagallalaryň bir mysaly bolup hyzmat edýär.
Ýurdumyzyň ýeňil senagatyny ösdürmek, gaýtadan işleýän senagaty döwrebaplaşdyrmak, dokma önümlerini öndürýän iri döwletleriň arasynda Türkmenistanyň ornuny berkitmek boýunça köp işler amala aşyrylýar. Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky gön zawodynyň önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmak boýunça zerur işleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze, häzirki zaman dokma toplumyny gurmak hem meýilleşdirilýär.
Saglygy goraýyş ulgamy depginli ösdürilip, halkymyza dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk hyzmatlary edilýär. Şu ýyl bu ulgama Döwlet býujetinden 2 milliard 900 million
manat möçberinde maliýe serişdeleri goýberildi. Saglygy goraýyş desgalarynyň gurluşygy üçin 1 milliard 900 million manat maýa goýum serişdesi gönükdirildi. Ýokarda agzalyp geçilýän sanlar we makroykdysady görkezijiler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň aýdyň netijesidir.
Watan diňe halky bilen Watandyr! diýen parasatly jümläni özüne ýol-ýörelge edinen Gahryman Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!
Gunça BABAÝEWA,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.