Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer sahawaty

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan işler döwletimiziň geljegi bolan çagalarymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, olara hemmetaraplaýyn goldaw bermäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, Türkmenistan bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdy hökmünde ykrar edildi.

Ýurdumyzda ýaş nesliň terbiýelenmegi hem-de Watanymyza mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegi ugrunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy köp işleri amala aşyrýar. Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň hem ulanmaga berilmegi, hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berdi.

Bu gazna ýurdumyzyň her bir raýatyna haýyr-sahawat işine goşant goşmaga mümkinçilik berýär. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri watandaşlarymyza şahsy görelde görkezýär.Gaznanyň bank hasaplaryna gelip gowuşýan maliýe serişdeleri çagalara lukmançylyk we bilim hyzmatlaryny bermäge, olara doly derejeli dynç almak üçin mümkinçilikleriň döredilmegine, beýleki zerurlyklara niýetlenendir.

Bularyň ählisi körpelere özleri baradaky aladany duýmaga, jemgyýetde mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berýär.

Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan howandarlyga mätäç çagalara paýtagtymyzyň we welaýatlaryň lukmançylyk edaralarynda zerur operasiýalary geçirmek üçin yzygiderli pul serişdeleri bölünip berilýär, şeýle hem lukmançylyk hyzmatlaryny tölemäge we çagalar öýlerinde, ýöriteleşdirilen mekdeplerde hem-de mekdep-internatlarda terbiýelenýän we bilim alýan ýaş türkmenistanlylar üçin lukmançylyk maksatly serişdeleriň satyn alynmagyna gönükdirilýär.

Türkmenistanda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, döwrebap bilim almagy, ukyp-başarnyklaryny açmagy, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy, zähmet endiklerini ele almagy, wagtyny gyzykly hem-de peýdaly geçirmegi üçin ähli şertler döredilendir.

Geçen döwrüň içinde hossarsyz çagalara we mätäçlik çekýän maşgalalaryň çagalaryna geçirilen ýürek, bogun, göz operasiýalary maliýeleşdirildi.Geçen ýyl haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ýurdumyzyň welaýatlarynyň etrap we şäher hassahanalarynyň çagalar bölümlerine Tiz kömek awtoulaglary sowgat berildi. Şu ýylyň dowamynda gaznanyň serişdeleriniň hasabyna doganlyk Türkiýede bolup geçen pajygaly ýertitremede ejir çeken çagalara, şeýle hem Ukrainanyň çagalaryna niýetlenen degişli ýükleriň ugradylmagy, Russiýanyň Primorskiý ülkesiniň çagalaryna ynsanperwer kömekleriň iberilmegi onuň işiniň çäginiň barha giňeýändigini görkezýär.

Munuň özi gaznanyň işiniň diňe bir ýurdumyzyň hemaýata mätäç çagalaryna däl, eýsem, zerur bolan halatynda, dünýä ýurtlarynyň ejir çeken çagalaryna hemaýat bermek maksadyny hem öz içine alýandygyny tassyklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda 2021-nji ýylyň mart aýynda Ýaşulular geňeşi döredilip, ýurdumyzda türkmençiligiň ajaýyp sypatlarynyň biri bolan sahawatlylygyň giňemegine itergi beren gaznanyň işi geňeş arkaly dolandyrylýar. Ýaşulular geňeşiniň döredilmeginiň maksady gaznanyň işini ilerletmek, hemaýatkärleriň sanyny artdyrmak, goldaw edilýän ugurlary giňeltmek bilen baglydyr.

Şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna bejergi alan çagalar üçin tomus paslynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda dynç almaga giň mümkinçilikler döredildi.

Ahmet Eýeberdiýew,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Ilkinji transatlantik telegraf aragatnaşygy
Sagdyn jemgyýet kuwwatly döwlet
Täze banknotlar gymmat bahadan satyldy
Ýaşyl wodorod bilen işleýän uçar
Tailandyň iň ýaş Premýer-ministri