Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Çölleşmä garşy göreşmek boýunça Konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 16-njy maslahatynyň (СOP16) çäklerinde geçirilen Bitewi suw sammitine gatnaşdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu maslahatda dünýäde we sebitde suwdan netijeli peýdalanmak babatda suw meselesi boýunça köptaraply dialogyň netijesi kesgitlenende oňa gatnaşyjylaryň iki sany esasy düzgüne, ýagny suw serişdeleriniň aýawly ulanylmagyna hem-de adalatly paýlanylmagyna gürrüňsiz eýermelidigi barada belläp geçdi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz suw meselesinde üç möhüm kadadan ugur almalydygyna ynanýandygyny belledi. Şolaryň birinjisi halkara hukugyň berjaý edilmegi.

Suw serişdeleri umumy baýlykdyr, onuň ulanylmagy umumy ykrar edilen kadalar, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň konwensiýasy esasynda düzgünleşdirilmelidir.Ikinjisi özara bähbitleriň hasaba alynmagy.Kabul edilýän çözgütler sebitiň ähli döwletleriniň zerurlyklaryny göz öňünde tutmalydyr.

Diňe şeýle çemeleşme adalatlylygy we durnuklylygy üpjün edip biler. Üçünjisi bolsa bu işe halkara guramalaryň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çekilmegidir.Eziz Diýarymyz suw serişdelerinden, serhetüsti suwdan rejeli peýdalanmak meseleleri boýunça oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda çykyş etmek bilen, bu ulgamda möhüm başlangyçlary öňe sürýär.

Olarda halkara hukuk kadalarynyň berjaý edilmegine hem-de sebitiň ähli döwletleriniň bähbitleriniň doly hasaba alynmagyna uly üns berilýär.Innowasion häsiýetli Altyn asyr Türkmen kölüniň taslamasy ýurdumyzyň dünýäniň suw serişdelerini we daşky gurşawy gorap saklamak bilen baglanyşykly ählumumy wezipeleriň çözülmegine uly goşant goşýandygynyň subutnamasydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleriň çäklerinde suw hojalygy pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, ähli welaýatlarda täze suw desgalary ulanmaga berilýär.

Bu möhüm ulgamda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi obasenagat toplumynyň netijeli ösdürilmegine, dänäniň, pagtanyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmaga ýardam berýär.Diýarymyzyň dag eteklerindäki sebitlerinde sil suwlaryny ýygnamak üçin niýetlenen kiçi suw howdanlaryna hem uly ähmiýet berilýär.

Munuň özi sil suw akymlarynyň ýetirýän zyýanynyň öňüni almaga, olaryň emele gelmegini öňünden duýdurmaga, toplanan suw serişdelerini ilatyň hojalyk zerurlyklary, ekin meýdanlaryny suwarmak, üzümçiligi ösdürmek hem-de agaç nahallarynyň zolaklaryny döretmek üçin peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz suw diplomatiýasyny we ekologiýa abadançylygyny parahatçylyksöýüjilik, oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde anyk kesgitledi.

Suw hojalyk meseleleriniň Merkezi Aziýanyň ähli döwletleriniň bähbitlerini hasaba almak bilen, toplumlaýyn esasda çözülmegi döwlet Baştutanymyzyň suw strategiýasynyň esasy ugrudyr.Mähri Seýitmämmedowa, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň kitaphanaçysy. /* custom css */ .td_uid_15_6759810fef2c1_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6759810fef2c1_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Tot-tozanyň yz ýany, ümezleşen howa, ýakymsyz ys maryly ýaşaýjylary hopukdyrdy’
Maryda we Lebapda ýene tozan turdy
Türkmenistanda iki sany agaç nahalhanasynyň gurluşygy tamamlandy
SÄHRAÝA AŞYK BOLMUŞAM
78 göterim yzgaryny ýitirdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri Er-Riýadda geçirilen Bir bitewi suw sammitine gatnaşdy