Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan sesli okaýyş geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz toýdur-baýramlara beslenýär.Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly ajaýyp eseriniň dowamy, ýagny “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabynyň çapdan çykmagy ýatdan çykmajak pursatlaryň biriniň bolandygyny hem-de Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp eserleri halkymyza ruhy goldaw berýän şamçyragdyr diýip buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de eserde halk döredijiliginiň, geçmişiň görnükli şahsyýetleriniň we filosoflarynyň pähimli sözleriniň ulanylmagy we edebi taýdan ussatlyk bilen beýan edilmegi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-nesihatlarynyň, pähim-parasatlarynyň bolmagy bu kitabyň gymmatlygyny we ähmiýetini has-da artdyrýar we bu eser biziň ählimiz üçin terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda Gökderedäki “Şöhle” çagalar dynç alyş merkezinde wagtlaryny şadyýan we gyzykly geçirýän çagalara Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly ajaýyp kitabyndan Watan baradaky bir ajaýyp rowaýaty barada gürrüň edildi. Bu rowaýat çagalarda has-da uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Ýene degişli makalalar

Gahryman Arkadagymyzyň suw diplomatiýasy
TÜRKMEN HALK ERTEKILERINIŇ TERBIÝEÇILIK ÄHMIÝETI
ALTYN ZAMANADA, AJAP DÖWÜRDE WYSAL BOLDY PYRAGYNYŇ ARZUWY
Dünýäniň onlarça ýurdunda Magtymgula bagyşlanan kitaplar çap edildi
Türkmen medeniýetiniň, sungatynyň, edebiýatynyň rowaç menzilleri
Akyldar şahyryň goşgulary asylly terbiýäniň çeşmesi
Gölleriňe älem haýran