Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly edebi-filosofik eseri ýapon dilinde neşir edildi. Bu kitap hoşniýetli erk-islege, özara hormat goýmaga, ynanyşmaga esaslanýan netijeli döwletara gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetiniň özboluşly nyşanydyr.
Täze kitap Sukuba uniwersiteti tarapyndan ýapon diline terjime edildi.Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň sentýabrynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygynda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti Kýosuke Nagata Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitapda Ýaponiýa hakynda ençeme maglumatlaryň ýerleşdirilendigini, hususan-da, häzirki döwürdäki türkmen-ýapon gatnaşyklary barada bellenilip geçilýändigini aýtdy.
Ol many-mazmun taýdan täsirli bu eseri ýapon diline terjime etmek isleginiň bardygyny beýan edip, munuň iki halkyň has-da ýakynlaşmagyna we özara düşünişmegine ýardam berjekdigine ynam bildirdi.
Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitabyň ýapon diline terjime edilmegi bilen, okyjylara halkymyzyň umumadamzat ähmiýetli taryhy we baý medeniýeti, giň durmuş filosofiýasy, dünýägaraýşy, parasatly öwüt-ündewleri baradaky düşünjelerini giňeltmäge mümkinçilik döredildi. Bu bolsa, öz gezeginde, iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna we ösdürilmegine ýardam berer.