Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri — ylymlaryň şamçyragydyr atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri — ylymlaryň şamçyragydyr atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň uly mejlisler zalynda Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri — ylymlaryň şamçyragydyr atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. 17-nji dekabrda bolan ylmy-amaly maslahat Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hakyda göwheri atly täze eseriniň ylmy nukdaýnazaryndan öwrenmäge gymmatly çeşme bolup durýandygyna şaýatlyk etdi diýlip, Bilim ministirliginiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, ylmy-amaly maslahatynyň işi umumy mejlisde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýolbaşçylarynyň çykyşlary bilen başlap, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň alymlarydyr professor-mugallymlarynyň çykyşlary bilen dowam etdi.

3 sany bölümçede işini dowam eden bu ylmy-amaly maslahatyň işine ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri işjeň gatnaşyp, täsirli çykyşlary bilen maslahata gatnaşanlaryň ünsüni özüne çekdi.

Ýene degişli makalalar

HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim ulgamy boýunça resminamalara gol çekildi
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BITARAPLYK BINASYNA GÜL GOÝMAK DABARASYNA GATNAŞDY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GURBANGULY BERDIMUHAMEDOWYŇ BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARY ANTONIU GUTERRIŞ BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI
Gurbanguly Berdimuhamedow Garagumda täze sport ulagyny dolandyryp, synagdan geçirdi
Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň täze desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy