Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

30-njy noýabrda Arkadag şäheriniň häkimliginde Gahryman Arkadagymyzyň täze döreden eseri Hakyda

göwheri atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň türkmen we iňlis

dillerinde neşir edilen bu täze kitaby Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren ozalky döredijilik

dürdäne eserleriniň hatarynda mynasyp orun eýeleýär.

Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzyň Hakyda göwheri atly täze

kitabynyň çapdan çykmagy mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler we munuň üçin türkmen halkynyň Milli Lideri

Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi hem-de alkyş

sözleri aýdyldy.

Kitap Giriş-den we iki bapdan ybarat bolup, onuň Taryha syýahat atly birinji babynda şöhratly taryhymyz

hemde şol taryh bilen bagly bolan, saklanyp galan taryhymedeni ýadygärliklerimiz hakynda beýan edilýär.

Gahryman Arkadagymyz bular baradaky garaýyşlaryny we pikirlerini bu babyň Taryh şu ýerden başlanýar, Änew

medeniýeti, Bürünç zamanynyň medeni ojaklary, Beýik Seljuklar döwri we Horezmşalar döwleti ýaly bäş

bölümleriniň üsti bilen täsirli beýan edipdir.

Kitabyň Ruhy miras diýlip atlandyrylan ikinji babynda bolsa halkymyzyň ruhymedeni mirasynyň köp öwüşginli

gymmatlyklary dogrusynda söz açylýar. Bu baradaky gyzykly söhbetler babyň Zehin aýdyňlygy, paýhas käni,

Oguznama dünýä baýlygy, Täsin söhbediň beýany, Hazyna eýesine hazynadar diýerler, Döwletliniň

döwlet gözbaşy we Gadymy heňňamyň aýdymy diýen alty sany bölümler arkaly okyja ýetirilýär.

Kitapda halkymyzyň geçmişde guran beýik türkmen döwletleriniň dünýäniň medeni ösüşindäki orny, biziň

günlerimize miras galan taryhy-medeni ýadygärliklerde geçirilen arheologik gazuw-agtaryşlar netijesinde tapylan

gymmatlyklaryň mysalynda binagärlik, çeperçilik aýratynlyklary barada taryhy maglumatlaryň we halk içinde

saklanyp galan rowaýatlardyr tymsallaryň getirilmegi eseriň gymmatyny has-da artdyrýar.

Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň beýleki döreden ajaýyp eserlerinde bolşy ýaly, täze kitabynda hem anyk

taryhy maglumatlara salgylanýandygyny, eserde mähriban halkymyzyň milli mirasy, özboluşly däp-dessurlary,

türkmen döwletiniň tutuş taryhynyň dowamynda berkarar bolmagy barada gyzykly maglumatlaryň getirilýändigini

bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyndan dörän bu eseriň hem giň okyjylar köpçüliginde uly

gyzyklanma döretjekdigi, olaryň ýankitabyna öwrüljekdigi şübhesizdir diýip, çykyş edenler nygtadylar.

Ýene degişli makalalar

Ylym-bilimde ýol-ýörelge, Arkadagyň eserleri
Hakyda göwheri döredijilik ylhamy
Türkmenistanda pagta çigidinden margarin ýagy öndürilip başlandy
“Owadan ülke” kärhanasy täze harytlaryň önümçiligini ýola goýdy
Hasyl toýy: türkmen daýhanlarynyň zähmetiniň şanyna dabaralar
Hasyl toýy mynasybetli dabaralar we sergi guraldy