Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

Gahryman Arkadagymyzyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Sammitine gatnaşmak maksady bilen, Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy resmi adamlar ugratdylar.

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we giň netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýada bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlary mynasyp dowam etdirilýär.

Bu babatda abraýly sebit we halkara guramalary hem-de düzümleri bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar.Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ŞHG-niň Sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bu Sammit Gazagystan Respublikasynyň paýtagty Astana şäherinde geçirilýär.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde ŞHG-niň Sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary belende galdyryldy we Hormat garawuly nyzama düzüldi. Gahryman Arkadagymyza gül desseleri gowşuryldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri howa menzilinden Döwlet kabulhanasyna ugrady.

Çeşme: TDH

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary
Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Liderler Sammiti Öz Işine Başlady
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny beýan etdi
Türki döwletleriň gün-tertibindäki möhüm wakalar
Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow wekiliýet Baştutanlarynyň ŞHG+ görnüşindäki duşuşyga gatnaşýar
Türkmenistan ŞHG-ni möhüm ähmiýetli we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýar