Gahryman Arkadagymyzyň eserleri ýolumyza şamçyrag

Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasynyň miwesi bolan ajaýyp kitaplary türkmen halkynyň kitap baýlygynyň has-da baýlaşmagyna saldamly goşant goşýar. Şeýle hem bu ajaýyp eserler türkmen halkynyň milli ruhy-medeni gymmatlyklaryny we ýörelgelerini gaýtadan dikeltmekde we ösdürmekde uly ähmiýete eýe bolýar.

Mundan başga-da, bu gymmatly kitaplaryň diňe bir türkmen dilinde däl, eýsem, dünýäniň dürli dillerinde neşir edilmegi dünýä jemgyýetçiliginde, adamzadyň aňyýetinde uly gyzyklanma döredýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden dörän Hakyda göwheri atly täze kitaby tamamlanyp barýan Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň ajaýyp sowgadyna öwrüldi.

Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň many-mazmunynyň türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary özünde jemlemegi türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň özboluşly waspnamasydyr.

Alym Arkadagymyz ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, taryhy özgerişleri başdan geçirýändigini, haýsy döwri alsaňam, türkmen medeniýetiniň özüniň milli gymmatlyklary bilen dünýä ýaň salandygyny, olaryň dünýäniň taryhynda uly orun alandygyny aýratyn nygtaýar.

Zähmet rugsadynda dynç alyş günlerinde döredijilik işleri bilen meşgullanýan alym

Arkadagymyzyň täze kitaby ençeme baý maglumatlary özünde jemläp, halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklaryna, şan-şöhratly ýoluna, taryhda uly yz galdyran şahsyýetlerimize bagyşlanan nobatdaky ajaýyp eserdir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz halkymyza birnäçe ajaýyp eserleri peşgeş berdi. Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän Döwlet guşy, Çaý melhem hem ylham, Döwletlilik ýörelgesi, Janly rowaýat ýaly ençeme eserleri hemmetaraplaýyn kämil şahsyýeti kemala getirmekde ajaýyp terbiýe mekdebi bolup durýar.

Döredijilik zehini kämil bolan Gahryman Arkadagymyzyň ýazýan, döredýän eserleri bu gün äleme nusgalyk.Türkmeniň ruhy we maddy gymmatlyklary, medeni baýlyklarymyz, milli däp-dessurlarymyz hakda söz açýan her bir eserinde geçmişiň müň bir paýhasy, geljege gerekli parasady bar.

Döwleti dolandyrmagyň we halkyň aladasyny etmegiň, ukyp-zehiniň bilen halka berilmegiň nusgasyna öwrülen, döwrebap we uzak geljege niýetlenen syýasy pähimleri açyp görkezýän romanlary, milli ýörelgelerimizden, medeni mirasymyzdan, halkyň ruhy genji-hazynasyndan söz açýan ajaýyp ylmy-çeper eserleri Gahryman Arkadagymyzyň ýazan, döreden her bir kitaby durmuşymyza dahylly we örän peýdaly manylary özünde saklaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer syýasaty, döreden ajaýyp ýol-ýörelgeleri bu gün dünýä dolýar. Halkymyzyň şöhratly taryhy, juda baý milli we edebi gymmatlyklarymyz Gahryman Arkadagymyzyň kitaplarynda özüniň çuňňur beýanyny tapýar.

Agajuma GURDOW,

Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheri ýokary hiliň nusgasy
Türkmenistanyň Prezidenti baýramçylyk konsertine tomaşa etdi
Türkmen Bitaraplygy dünýä nusgalyk
Tebigat we ekologiýa
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Halkara Bitaraplyk güni bilen gutlady
GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA