Sammitiň işi tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogany Türki dünýäsiniň ýokary ordeni bilen sylaglamak, şeýle hem gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowy Türki döwletleriň guramasynyň Türki dünýäsiniň jebisligi üçin Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragyny gowşurmak dabarasy boldy.
Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary tasynda Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygyna Türki dünýäsiniň ýokary ordenini gowşurýar.
Bu sylag türki dilli halklaryň arasynda raýdaşlygy pugtalandyrmaga, agza döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşan adamlara gowşurylýar.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türki döwletleriň guramasynyň ýokary sylagy üçin minnetdarlyk bildirip, bu sylaga Türkmenistana hem-de türkmen halkyna hormat-sarpanyň nyşany hökmünde garaýandygyny nygtady.