Gahryman Arkadagymyz Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglandy

Şu gün Türki Döwletleriň Guramasynyň Samarkantda geçirilen sammitiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy. TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdine laýyklykda, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Gahryman Arkadagymyza bu abraýly sylagy dabaraly ýagdaýda gowşurdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy bu uly sylag üçin minnetdarlyk bildirip, ony Türkmenistana, türkmen halkyna hormatyň nyşany hökmünde kabul edýändigini belledi.

Türki döwletler bilen gatnaşyklar Türkmenistanyň daşary syýasatynda aýratyn orny eýeleýär. Biz Türki Döwletleriň Guramasynyň ägirt uly abraýyny ykrar edýäris. Ata-babalarymyzyň nesihatlaryna eýerip, siziň bilen bilelikde köp işleri amala aşyrýarys diýip, hormatly Arkadagymyz doganlyk döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýandygyny tassyklady.

Ýeri gelende bellesek, şu gün Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan hem türki dünýäniň öňünde bitiren hyzmatlary üçin guramanyň ýokary sylagy bilen sylaglanyldy. Şeýle-de gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowa Türki Döwletleriň Guramasynyň türki dünýäniň jebisligine goşandy üçin Alişer Nowaýy adyndaky halkara baýragy berildi. Degişli baýrak Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda "Magtymguly Pyragy - asyrlaryň paýhasy" atly sebitiara onlaýn-konferensiýa geçirildi
Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysy tanyşdyryldy
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW TÜRKI DÜNÝÄSINIŇ ÝOKARY ORDENI BILEN SYLAGLANYLDY
Aşgabatdan Awaza şäherara awtobus gatnawy ýola goýlar, Maşatda Türkmen-eýran işewürlik maslahaty geçiriler, Lebapda Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda spektakl sahnalaşdyryldy we beýleki habarlarda
Gahryman Arkadagymyz Türki dünýäsiniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türki dünýäsiniň ýokary ordeni bilen sylaglanyldy