Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde resmi saparda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy. Onda parlament ugurly türkmen-täjik gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alşyldy. Duşuşyga iki ýurduň wekiliýet agzalary hem gatnaşdylar.
Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy mähirli mübärekläp, Täjigistanyň döredijilikli daşary syýasy ugry hem-de netijeli ykdysady strategiýany durmuşa geçirýän doganlyk Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini nygtady.
Öz nobatynda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Oli Majlisiň Milli Majlisiniň Başlygyna mähirli kabul edendigi we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň we Täjigistanyň kanun çykaryjy edaralary iki döwletiň arasyndaky toplumlaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm bölegi bolup durýar.Soňky ýyllarda iki ýurduň parlamentleriniň bilelikdäki tagallalary esasynda durnukly parlamentara dialog ýola goýuldy, pikir alyşmalaryň netijeli gurallary işläp başlady.
Söhbetdeşler şunda iki döwletde döredilen parlament dostluk toparlarynyň uly ornuna ünsi çekip, olaryň işine ýokary baha berdiler hem-de bu düzümleriň doganlyk halklaryň arasyndaky özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýandygyny nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Täjigistanyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomalä ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge işjeň gatnaşýandygy we uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.