25-nji noýabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarowyň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti A.Aşirowyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Gahryman Arkadagymyz iş maslahatynda eden çykyşynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ýurdumyzda uly özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini belledi.Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli şertler döredilýär.
Taryhy gymmatlyklarymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak boýunça asylly işler amala aşyrylýar. Şunda Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň ata-babalarymyzyň paýhasy siňen döredijiligi döwletlilik hasaplandygyny aýdyp, onuň dünýä edebiýatyna, medeni mirasyna uly goşant goşandygyna ünsi çekdi. Şan-şöhratly geçmiş taryhyňa ser salanyňda, pederlerimiziň bitiren beýik işleriniň guwanç duýgularyny döredýändigini aýdyp, alym Arkadagymyz şol duýgularyň taryhyň gatlaryna aralaşyp, täsin maglumatlaryň üstünden eltýändigini belledi.
Çeper döredijilige gadyr goýýan hormatly Arkadagymyz, däp bolşy ýaly, zähmet rugsadynda — dynç alyş günlerinde döredijilik bilen meşgul bolandygyny aýtdy. Milli Liderimiz kän oýlanyp, şöhratly taryhymyz hakynda toplan ençeme maglumatlaryny kagyza geçirip, täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny nygtap, oňa “Hakyda göwheri” diýip at goýandygyny habar berdi.
Kitabyň many-mazmuny hakynda aýtsam, onda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlary beýan etdim diýip, alym Arkadagymyz ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolmak bilen, taryhy özgerişleri başdan geçirýändigini, haýsy döwri alsaňam, türkmen medeniýetiniň özüniň milli gymmatlyklary bilen dünýä ýaň salandygyny, olaryň dünýäniň taryhynda uly orun alandygyny aýratyn nygtady.
Türki medeniýetiň halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ tarapyndan 2024-nji ýylyň Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly, şeýle hem Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi türkmen halky üçin uly buýsançdyr, belent mertebedir.
Häzirki döwürde maddy hem ruhy gymmatlyklarymyz, taryhy ýerlerimiz ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna goşuldy we türki döwletleriň guramasy tarapyndan ençeme ykrarnama eýe boldy diýip, milli Liderimiz aýtdy. Şunda Halk Maslahatynyň Başlygy pederlerimiziň şöhratly geçmiş taryhymyzyň biziň günlerimize gelip ýetmeginde uly işleri bitirendigini, häzirki nesilleriň borjunyň bolsa ony indiki nesillere ýetirmekdigine ünsi çekdi.
Halkymyzda “Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaz” diýilýär.Milliligimizi unutman, hemişe ata-babalarymyzyň ýoluna eýermelidiris, şol bir wagtda döwür bilen aýakdaş gitmelidiris diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri biziň her birimiziň baý edebi mirasymyza, berkarar döwletimiziň gazanýan ösüşlerine buýsanmaga hem guwanmaga haklydygymyzy aýratyn nygtady. Çünki biz beýik döwletdiris.
Beýik döwletiň bolsa beýik milleti bardyr.Soňra Gahryman Arkadagymyz häzir elinde täze ýazan Hakyda göwheri atly kitabynyň ilkinji nusgasyny saklaýandygyny, ýakyn günlerde bu kitabyň neşir edilip, giň halk köpçüligine ýetiriljekdigini aýdyp, sözüni jemledi.