Gahryman Arkadagymyz Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Gahryman Arkadagymyz Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy

Düýn 12-nji martda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy. Duşuşygyň çäklerinde Aksakgallar geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Binali Ýyldyrym Aksakgallar geňeşiniň mejlisine gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza forumyň ýokary guramaçylyk derejesi hem-de ata-babalarynyň Watany bolan Türkmenistanda mähirli garşylanandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyzyň paýtagtynda Aksakgallar geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň çäreler maksatnamasynyň üstüni ýetirip, ony many-mazmun taýdan baýlaşdyrjakdygyna, forumyň türki döwletleriň arasynda dürli ugurlar boýunça ýola goýulýan hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmakda ähmiýetli boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda myhman Milli Liderimize mejlisiň ýokary derejede geçirilendigi hem-de türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, Türki Döwletleriň Guramasynyň öňünde durýan wezipeleri bilelikde üstünlikli çözmekde ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Ýene degişli makalalar

Binali Ýyldyryma, Klaus Parhofere “Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna” medallary gowşuryldy
Halkara parahatçylygy we durnukly ösüşi berkitmekde bilelikdäki tagallalar atly halkara maslahat geçirildi
Binali Ýyldyryma Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen ady dakyldy we ýubileý medaly berildi
Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň Aksakgallar Geňeşini "Ýaşulular Geňeşi" diýip atlandyrmagy we sylagyny döretmegi teklip etdi
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar Geňeşiniň 16-njy mejlisindäki çykyşy
TDG-niň Aksakgallar geňeşi Gurbanguly Berdimuhamedowy Budapeştde boljak mejlise çagyrdy
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň Budapeştde geçiriljek 16-njy mejlisine gatnaşmaga çagyryldy