foto-pmr.ru-nyň fotosuraty
Gagauziýa Türkmenistana çakyr önümleriniň eksportyny giňeltmekçi bolýar, şeýle-de bu ýurda çüýşelere guýlan günebakar ýagyny ugradar.
Bu barada Gagauziýanyň baştutany Irina Wlah bilen Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri Döwran Orazmuhamedowyň arasynda 29-njy iýunda Aşgabatda bolan duşuşykda gürleşildi. Bu barada NOI.md neşiri habar berýär.
2016-njy ýylyň awgustyndan başlap ýyl ahyryna çenli Türkmenistanda ýiti azyk gytçylygy boldy, hususan-da pagta çigidiniň ýagynyň gyt haryda öwrüldi. Dükanlaryň öňünde uzyn nobatlar döredi, ýag diňe her adama iki çüýşeden satyldy.
Şeýle-de, awtonomiýadan Türkmenistana farmasewtiki önümleri eksport etmek barada gürrüň edildi.
Daşary işler ministri Reşid Meredow bu meselä özi tarapyndan şahsy gözegçilik edýändigini aýtdy.
Irina Wlahyň Aşgabada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň doglan gününi gutlamaga gelendigini we oňa “iki doganlyk halkyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin” orden gowşurandygyny bellemek gerek.
Gagauziýa Moldowanyň günortasyndaky awtonom territorial gurluş bolup, ol ýerde 160 700 adam ýaşaýar (2011-nji ýylyň maglumaty). Bu ýurtda agrosenagat pudagy agdyklyk edýär, ýerleriň uly bölegi üzümçilik meýdanlaryndan ybarat, tehniki ekinlerden bolsa günebakar köp ekilýär.