Gagauz türkçesi

Gagauz türkçesi

Eziz Ildeşler. Türk Diliniň Jadyly Dünýäsi atly gepleşigimiziň 8-nji bölümi bilen biz ýenede siziň bilen bilelikde. Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goşantlary bilen Dr. Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanýan gepleşigimiziň bu günki sanynda Gagauzlaryň mekany we Gagauz türkleriniň üstünde durup geçmek isleýäris.

Ylmy derňewçiler Gagauz halkynyň türk jemgyýetdigi babatynda ylalaşýarlar, emma haýsy türk jemgyýetine degişlidikleri barada iki tapawutly pikir bar.Olaryň biri, Gagauz türkleriniň polietnik ýa-da köp milletlidikleri barada; beýlekisi monoetniki ýa-da bir etnikdikleri baradaky tezisler.

Polietniki pikire görä, Gagauz türkleri Peçeneklerden, Oguzlardan we Kumanlardan ybarat; Monoetniki pikire görä bolsa, Gagauz türkleriniň kökleri Seljuklardan ýa-da Köne Bolgarlardan gözbaş alyp gaýdýar.

Gagauz halkynyň döreýşi baradaky polietniki pikiriniň tarapdarlary köplenç olaryň ynanç ulgamyna ünsi çekmäge synanyşýan bolsalar, häzirki wagtda ýaşaýan sebitine Türküstan geografiýasyndan, rus sähralaryndan geçip, gelendiklerini aýdýarlar, şol sebäpli hristian dininiň täsiri astynda galandyklaryny aýdýarlar.

Monoetniki pikiri goldaýanlar bolsa, gürleýän dillerinde Oguz türk elementlerini öz düzüminde jemleýändikleri sebäpli Eýranyň üsti bilen gelen bolmagynyň mümkindiklerini öňe sürýärler.Mälim bolşy ýaly, türki tire-taýpalar ata watanlaryndan Gündogar Ýewropa göçüp baranda iki esasy ýoldan gelipdirler.

Bularyň biri häzirki Russiýanyň günortasyndan, ikinjisi Eýranyň üsti bilen.

Gagauz halky Osmanly döwründe Bolgariýanyň demirgazyk-gündogarynda ýaşaýardy. Şeýle-de bolsa, 1734 - 1739 we 1768 - 1774-nji ýyllardaky Osman-Rus uruşlaryndan soň başdan geçirilen ilat göçe-göçlükden täsir alypdylar we 1770-nji ýyldan başlap Bessarabiýa göçmäge başlapdylar. Bu göç tolkuny 1811-nji ýyla çenli wagtal wagtal dowam etdi.

Gagauz halkynyň jemgyýet hökmünde barlygy XI asyra çenli uzap gidýändigine garamazdan, Gagauz ady XVIII asyryň birinji ýarymyna çenli hiç bir taryhy ýa-da edebi çeşmede duş gelmeýär.Gagauz ady ilkinji gezek şu günki gün Moldawiýanyň we Ukrainanyň käbir sebitlerini öz içine alýan, şol mahallar Osmanlynyň gol astynda bolan, emma 1812-nji ýyldaky Buharest ylalaşygy bilen Rus patyşalygynyň bir bölegi ýagdaýyna öwrülen Bessarabiýa sebitinde, 1817-nji ýyldaky ilat sanawyndaky resminamalarda agzalyp geçilmäge başlanýar.

Gagauz halky öz adyny Seljuk soltany Keýkowus II-den alan bolsa gerek. II Keýkowus XIII asyryň ortalarynda Wizantiýa imperatory Mihail Paleologosyň haýyşy boýunça Wizantiýa slawýan hüjümlerini duruzmak üçin Anadolydan Balkana birnäçe müň adamdan ybarat güýç iberdi. Keýkawus tarapyndan iberilen bu Seljuklaryň slawýan gurşawynda dinlerini üýtgedip, hristian bolandyklary we Keykawus adynyň Gagauz görnüşini wagtyň geçmegi bilen kabul edendigi çak edilýär.

Gagauz türkleri häzirki wagtda esasan Moldawiýanyň Gagauz awtonom sebitinde ýaşaýarlar.Bu sebitden başga-da, Ukrainanyň günorta-günbatarynda, Bolgariýada, Dobruja we Kawkazda ýaşaýan Gagauz jemgyýetleri bar.Gagauz awtonom sebiti 1990-njy ýylyň 20-nji awgustynda esaslandyryldy we Moldowanyň günortasynda ýerleşýär.

Bu awtonom sebit 1994-nji ýylda Moldowanyň hökümeti tarapyndan ykrar edildi we şol senede baglaşylan şertnama bilen özbaşdak statusa eýe boldy.Paýtagty Komrat şäheridir.Gagauz halky hristian türkleridir we umumy ilaty 500 müň töweregidir.

Eziz Ildeşler. Prof.Dr. Gülsüm Killi Ýylmazyň goşantlary bilen Dr. Saida Burkhanidinowa tarapyndan taýarlanan gepleşigimiziň bu günki sanynda Gagauzlaryň mekany we Gagauz türkleriniň üstünde durup geçdik. Nobatdaky bölümde bolsa Gagauz türk diliniň üstüne durup geçmegi meýilleşdirýäris.

Ýene degişli makalalar

Çuwaş türkçesi
Uýgur Türkçesi
Uýgur Türkçesi - 2
Saha Türkçesi - 1
Saha Türkçesi - 2
Horasan Türkçesi